26.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

“Öňe, Öňe, Diňe Öňe, Jan Watanym Türkmenistan!” Aýdymy – Aziada -2017-niň Senasy

“Öňe, Öňe, Diňe Öňe, Jan Watanym Türkmenistan!” Aýdymy - Aziada -2017-niň Senasy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň senasyny seçip almaga, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara sport (yzmatdaşlygy” atly halkara çäräniň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Şeýle hem onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek we şol sanda Oýunlaryň senasyny taýýarlamak boýunça öňe süren wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata ýurdmyzyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, welaýatlarda medeniýeti ösdürmek boýunça jogapkär adamlar, artistler, ýazyjylar, suratkeşler, kompozitorlar, ýurdumyzyň medeni-aň bilim edaralarynyň işgärleri, türgenler gatnaşdylar. Şeýle hem maslahata gatnaşanlaryň arasynda jemgyýetçilik işgärleri we syýasatşynaslar bar.

Dabaraly we işjeň ýagdaýda geçen maslahatyň barşynda dünýäniň onlarça ýurtlarynyň wekilleriniň, belli syýasatçylaryň, daşary ýurtly žurnalistleriň we beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda 7-nji aprelde geçirilen köpçülikleýin çäreleriň netijelerine garaldy. Hazaryň kenarynda giň gerimde geçirilen dabaraly köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri jemgyýetimiziň ählumumy ýokary göterilişini, onuň döredijilik kuwwatyny we Aziada-2017-ni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge bolan taýýarlygy äşgär etdi.

Awazada Bütndünýä saglyk güni mynasybetli guralan dabaralar köpsanly möhüm wakalara beslendi we onuň jemgyýetçilik-syýasy derejesini aýdyň etdi. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda açylyş dabarasy guralan we deňiz dynç alyş düzüminiň üstüni ýetiren iri sport toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi, milli Liderimiziň daşary ýurtlaryň döwlet toparlarynyň, halkara guramalarynyň we işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşyklary bu ýerde ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň üstüni ýetirdi.

Şeýle hem maslahatda çykyş edenler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sportuň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin Meýbukan godzýu-rýu karate-do Halkara assosiasiýasynyň we döwlet Baştutanymyza beren hormatly sylagy we Aziýa küşt federasiýasynyň milli Liderimize “Ýylyň adamy” diýen derejäni bermegi mynasybetli gutlag sözlerini aýtdylar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu sylaglar sportuň we bedenterbiýäniň ösdürilmeginde Türkmenistanyň goşandynyň,
halkara sport hereketinde Watanymyzyň eýeleýän işjeň ornunyň we onuň olimpiýa hereketiniň beýik ýörelgelerine pugta ygrarlydygynyň, halklaryň arasynda dostluk we birek-birege düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda sportuň ornunyň ýokarlanmagy ugrunda edýän tagallasynyň ykrarnamasydyr. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu hormatyň ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny ýokary galdyrmak ugrunda tagalla edýän, abraýly halkara ýaryşlarynda beýik ýeňişler, uly üstünlikler gazanýan hem-de şu mynasybetli Watanymyzyň baýdagyny belende göterýän türgenlere hem degişlidigini belledi.

Maslahatda bellenilişi ýaly, taýýarlyk işleri batly depginlerde alnyp barylýan Aziada-2017-ni Oýunlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň hünärmenleri daşary ýurtlaryň dünýäde iri sport ýaryşlaryny, halkara derejeli çäreleri geçirmekde baý tejribesi bolan belli kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmenistany Aziýa Olimpiýa geňeşi hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şeýle hem Aziada-2017-ä gatnaşyjy ýurtlaryň sport federasiýalary, milli Olimpiýa komitetleri bilen göni aragatnaşyk ýola goýuldy. Olaryň wekilleri ýakynda Aşgabatda duşuşyk geçirip, Olimpiýa şäherjigi, onuň desgalary, bu ýerde türgenler we tomaşaçylar üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar. Olaryň köpüsi desgalar toplumynyň oýlanyşykly gurluşygyna, olarda döredilen mümkinçiliklere, şeýle hem toplumyň özboluşly binagärlik we milli serişdeler ulanylan bezeg aýratynlyklaryna ýokary baha berip, şäherjigiň häzirki döwürde dünýäde iň gowy sport toplumydygyny tassykladylar. Milli Olimpiýa hereketleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň belleýişleri ýaly, Aziadanyň şeýle guramaçylyk derejesi bilen, Aşgabat özünde Olimpiýa oýunlaryny geçirmek baradaky teklibi öňe sürüp biler.

Ýakynda Hazaryň kenarynda guralan baýramçylyk dabaralary watandaşlarymyzda, aýratyn-da, ýaşlarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy we berkarar döwletimiziň tagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine buýsanç duýgularyny artdyrdy.

Bu ýerde çykyş edenler uly üstünlige beslenen çäreleriň halkara ynsanperwerlik gatnaşyklaryny artdyrmakda täze sahypany açandygyny bellediler. Dürli ýurtlaryň medeni ulgamdaky hyzmatdaşlygy, täze gatnaşyklaryň, döredijilik alyşmalaryň ýola goýulmagy halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegine, parahatçylygyň, ylalaşygyň we ösüşiň dabaralanmagyna ýardam berer.

Şeýle hem maslahatda Ministrler Kabinetiniň 24-nji martda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň döredijilik işgärleriniň arasynda V Aziýa oýunlarynyň senasyny taýýarlamak boýunça bäsleşigi yglan etmek babatda beren tabşyrygy, Bütindünýä saglyk güni mynasybeitli guralan medeni-köpçülikleýin çärelerine dowamynda senalaryň hödürlenen görnüşlerini ýerine ýetirmegiň maksada laýyk boljakdygy barada aýdandygyny nygtadylar.

7-nji aprelde Awazada geçirilen konsertiň barşynda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň estrada ýyldyzlary çykyş etdiler. Oňa hormatly myhman hökmünde döwlet Baştutanymyz gatnaşdy. Aşgabat Aziadasyny dabaralandyrýan täze aýdymlar ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sahna çykyp, Oýunlaryň senasynyň bir görnüşi hökmünde özüniň “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen aýdymyny ýerine ýetirmegi oňa gatnaşyjylar üçin özboluşly sowgat boldy.

Medeniýet we sungat işgärleri bu aýdymyň sözüniň we sazynyň millionlarça watandaşlarymyzyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana we onuň häzirki döwürde gazanýan ösüşine bolan buýsanç we bagtyýarlyk duýgularyny has dolulygyna beýan edýändigini aýtdylar.

Çykyş edenler halkymyzyň abadançylygy ugrunda yzygiderli alada edýän, dünýä ýüzünde Türkmenistanyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary üçin açyklygyň ýurdy hökmündäki derejesini ykrar etmäge gönükdirilen “Aşgabat-2017” ýaly giň möçberli taslamanyň çäklerinde bir bitewi ýörelgäni özünde jemleýän medeniýetiň we sportuň ösdürilmegine uly goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Munuň özi sungat ussatlaryny döwlet Baştutanymyzyň häzirki döwrümizi döredijilik taýdan giňden beýan etmek, döwrüň ruhuna we talabyna laýyk gelýän, täze taryhy eýýamyň gadamlaryny wasp edýän, ýaşlaryň watansöýüjilik, ruhy-ahlak taýdan terbiýelenmegini şertlendirýän we mähriban Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny döredýän täze eserleri döretmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň çözülmegi babatda zerur tagallalaryny etmäge borçlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, döredijilik gözlegleriniň, edebiýat, teatr we kino işinde täzeçe çözgütleri we çemeleşmeleriň tapylmagyna, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy ýörelgesini emele getirmekde, sporty we Olimpiýa hereketini wagyz etmekde suratkeşlere, žurnalistlere möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly biz Aziýa oýunlarynyň üsti bilen halkymyzyň baý mirasyny, türkmen medeniýetiniň we halk döredijiliginiň ajaýyplygyny we özboluşlylygyny wagyz etmelidiris.

Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň milli ýörelgeleriň saklanmagyna, onuň nesilden-nesle geçijiligine, jemgyýetiň ösüş maksatlaryna laýyk gelýän täze ýörelgeleriň we taslamalaryň medeniýet ulgamyna çekilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Munuň özii ilkinji nobatda ruhy ýokary göteriliş, geçmiş baradaky hakyda bilen baglanyşyklydyr. Şu ýörelgeleriň üsti bilen halkyň durmuş döredijilik kuwwatynyň düýp manysy açylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly watansöýüjilik aýdymynda agzybirligiň
döredijilik kuwwaty öz beýanyny tapýar. Bu aýdym ilkinji gezek Mary welaýatynyň merkezinde “ Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasynda ýaňlandy. Şol gün bu aýdym 4 müňden gowrak adamyň bilelikde ýerine ýetirilmeginde ýaňlanyp, diňe bir baýramçylyk dabaralarynyň şowhunyny alamatlandyrman, eýsem dünýä rekordy hökmünde bellige alyndy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Şol pursatdan bäri bu aýdym ähli watandaşlarymyzyň kalbynda orun aldy. Hut şonuň üçin hem onuň Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň senasy hökmünde teklip edilmegi maslahata gatnaşyjylaryň hemmesi tarapyndan gyzgyn goldawa mynasyp boldy.

Medeniýet işgärleriniň käbiri öz çykyşlaryny belent ruha beslenen şol aýdymlardan parçalary ýerine ýetirmek bilen dowam etdi. Munuň özi Aziadanyň hemmelere ägirt uly döredijilik we ruhubelentlik kuwwatyny eçilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar şunuň ýaly netijeli we anyk gürrüňdeşligiň iri möçberli ýaryşlary guramakda toplanan tejribe alyşmakda hem bähbitlidigini bellediler. Şunuň bilden baglylykda, Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin zerur bolan şertleri döretmek boýunça ýakyn wagtda çözülmeli esasy meseleler kesgitlendi.

Maslahatyň jemini jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!”
atly aýdymyny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň senasy hökmünde saýlamagy biragyzdan golladylar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek boýunça anyk ugurlar kesgitlendi, çäreleriň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we olary degişli derejede ýerine ýetirmek üçin bilelikdäki tagallalar ylalaşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar umumy ösüş ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Azia oýunlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Degişli makalalar

Bütindünýä Uniwersitetara Gyşky Oýunlary

syrach

Owganystana ynsanperwer ýük ugradyldy.

syrach

Türkmenobahyzmatyna CLAAS kompaniýasynyň bäş ýüz «Axion-850» traktory geldi.

syrach