18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Deputatlary Bilen Duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bellenilýän şu ýylda milli parlamentiň işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.

Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy. Duşuşyga gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Milli Liderimiz ýygnananlaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş edip, biziň haýsydyr bir jogapkärli işe başlanymyzda halkymyz bilen geňeşip, onuň pikirine esaslanmak ýaly ajaýyp milli däbimiziň bardygyny belledi. Şu parasatly däbe eýerilip, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk biziň beýik baýlygymyzdyr. Onuň gymmaty dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Munuň özi parahatçylygyň we dostlugyň, ynsanperwerligiň hem-de hoşniýetliligiň dabaralanmagyny, hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün edýän taglymatdyr.

Garaşsyz döwletimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Bu bolsa Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy we ylalaşygy pugtalandyrmak, özara düşünişmäge hem-de ynanyşmaga esaslanan halkara gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek üçin dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýan döwlet hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň at-abraýyny has-da ýokarlandyrýar.

Şoňa görä-de, şeýle hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, biziň esasy wezipämiz özi üçin demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň nusgalyk ýoluny saýlap alan ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegini üpjün etmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz şu duşuşykda ýurdumyzyň ykdysady ýagdaýy we halkara meseleleri barada aýdyp durjak däldigini, sebäbi bu meselelere Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp ýakynda geçirilen giňişleýin mejlisinde jikme-jik garalandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe kabul edilen maksatnamalary we öňde goýlan wezipeleri goldanyp, çalt depginler bilen ösýän, dünýä ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen milli ykdysadyýetiň döredilendigini belledi. Biziň üstünlikli geçirýän ykdysady özgertmelerimiziň üsti bolsa şol bir wagtda güýçli durmuş syýasaty bilen ýetirilýär. Hut şunuň netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyz uly üstünlikleri gazanmagy başardy. Bu bolsa bize durmuş-ykdysady ösüşde möhüm sepgitleri eýelemäge mümkinçilik berdi.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, bu üstünlikleri kanunçylyk taýdan üpjün etmekde Mejlisiň deputatlarynyň uly goşandynyň bardygyny kanagatlanma bilen belledi.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen geçen ýylda milli Parlament Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, giň kanun çykaryjylyk işini alyp bardy. Demokratik döwletimiziň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen birlikde, saýlaw okruglarynda deputatlaryň geçirýän işleriniň gerimi hem yzygiderli giňeldilýär. Bu bolsa ýerlerde halkymyzyň bähbidine gönükdirilen döwlet derejesinde geçirilýän işler hakynda her bir adamyň habarly bolmagyny ýokarlandyrmaga hem-de hukuk medeniýetini kemala getirmäge ýardam berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ýurdumyzda demokratik başlangyçlary ykrar etmek we ösdürmek, döwletimiziň adam hukuklary babatdaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça hem möhüm işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny dowam edip we ýakyn wagtda çözülmeli wezipeleriň birnäçesine duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, soňky ýyllarda uly üstünlikleri gazanandygymyza garamazdan, biz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça şu ýyl siziň bilen köp işleri etmelidiris diýip nygtady.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Parlamentiniň ornuny ýokarlandyrmak hem-de ygtyýarlyklaryny giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolan ikinji mejlisinde konstitusion özgertmeleri geçirmek barada yglan edildi.

Garaşsyz döwletimiziň konstitusion gurluşynyň esaslaryny pugtalandyrmak, döwleti dolandyrmagyň demokratik esaslaryny kämilleşdirmek üçin biziň öňe süren bu başlangyjymyzyň möhüm ähmiýeti bardyr diýip, milli Liderimiz nygtady. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly her bir raýatyň öz tekliplerini hem-de belliklerini aýtmaga hem-de hödürlemäge mümkinçiligi bolar ýaly ähli şertler döredildi.

Konstitusion toparyň ýanynda döredilen iş toparyna dürli edaralardan hem-de kärhanalardan, şeýle hem raýatlardan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça köp sanly teklipler gelip gowuşýar.

Halk köpçüligi ähli ýerlerde geçirilýän maslahatlara, duşuşyklara, ýygnaklara gatnaşyp, olarda bu meseleleri işjeň ara alyp maslahatlaşýar. Bu bolsa jemgyýetimizde döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasynyň hil taýdan täze, iki palataly ulgamyna geçmek baradaky başlangyjymyzyň doly goldaw tapýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Diňe häkimiýet bilen jemgyýetiň hemişelik hyzmatdaşlygy arkaly häzirki zaman geosyýasatynda göz öňünde tutulan sazlaşykly ösýän döwleti gurup bolar. Şoňa görä-de, ýakyn günlerde Esasy Kanunymyza giriziljek ähli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň taslamasyny çap edip, şu ýylyň iýul aýyna çenli halkymyza ara alyp maslahatlaşmak üçin bermeli. Konstitusion kanunyň gutarnykly taslamasyny bolsa Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň garamagyna hödürlemeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şu kanuny taýýarlamak bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny, «Türkmenistanyň Mejlisi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmek, «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakyndaky» Kanuna hem-de Türkmenistanyň Saýlaw Kodeksine degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek işlerini geçirmeli diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak milli Parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Mejlisi «Administratiw önümçilik hakyndaky» Kanuny kabul etdi. Bu Kanun ýurdumyzyň dolandyryş edaralary tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan önümçiligiň hukuk esaslaryny, ýörelgelerini we kadalaryny kesgitleýär.

Bu Kanun adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegini hem-de kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Emma kazyýetlerde administratiw işlere garamagyň hukuk esaslaryny kesgitlemek üçin, şeýle hem häzirki döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň standartlaryna laýyklykda, Administratiw-iş ýörediş Kodeksiniň taslamasy işlenip taýýarlanylsa, maksadalaýyk bolar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda, hususan-da, jenaýat-hukuk gatnaşyklary babatda alnyp barylýan ynsanperwer syýasaty goldanyp, jemgyýetimiz we döwletimiz üçin o diýen howp döretmeýän hukuk bozulmalaryny jenaýat jogapkärçiligine çekilýän diýlip görkezilen birnäçe etmişleriň arasyndan aýryp, olary administratiw hukuk bozulmalarynyň hataryna geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň täze, rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak işini hem dowam etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu Kodeksi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünlerine we kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmegiň zerurdygyna duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Häzirki halkara tejribä görä, jenaýat jogapkärçiliginden boşatmak göz öňünde tutulýan jenaýat-hukuk gatnaşyklaryna ynsanperwerlik häsiýetini berip, şeýle etmişler üçin salynýan jerimeleriň möçberlerini artdyrmagy göz öňünde tutmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini hem taýýarlamak we kabul etmek möhümdir. Bu Kodeksiň arbitraž kazylarynyň jedellere garamak tejribesini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýeti bolar.

Mundan başga-da, häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alyp, Raýat Kodeksiniň täze redaksiýasyny taýýarlamak boýunça işleri hem dowam etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz halkara tejribä görä, şu Kodeksde halkara hususy hukugyň düzgünleri-de beýan edilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Şu ýyl hukuk düzgünleriniň bozulmalarynyň öňüni almak babatda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, bu ugurda «Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak we kabul etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şeýle hem «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek gerek.

Dünýäde bolup geçýän çylşyrymly syýasy, ykdysady we maliýe ýagdaýlarynyň biziň ykdysadyýetimize ýetirýän täsirini azaltmak, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ykdysadyýetimizi ösdürmek örän möhüm meseleleriň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, telekeçilik pudagyny döwlet tarapyndan goldamak, maliýe-ykdysady ulgamy durnukly ösdürmek boýunça işleri ýokary depginler bilen dowam etmek zerurdyr. Bu ugurdaky kanunçylyk namalaryny yzygiderli seljermek we zerur bolanda kämilleşdirmek möhümdir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Mälim bolşy ýaly, döwrüň talaplaryna laýyklykda, biz döwlet serişdelerini aýawly peýdalanmak, býujet-salgyt, pul-karz gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, şeýle hem maliýe bazaryny ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi giňeldýäris.

Şunuň bilen birlikde, ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny kämilleşdirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürijileri goldamak, goşmaça iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm ugurlarda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri hem dowam etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleler hem alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň öňümizde döwletimizi ýokary depginler bilen ösdürmek, şunuň bilen birlikde, sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly şäher bilen obanyň arasyndaky tapawudy aýyrmak ýaly möhüm wezipeler durýar.

Bu wezipeler maglumat-kommunikasiýa hyzmatlarynyň, şol sanda internet hyzmatlarynyň hilini we durnukly bolmagyny ýokarlandyrmagy, maglumat-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmegi, şeýle hem adamyň aň-düşünje mümkinçiliklerini doly ulanmagy talap edýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmek möhüm mesele bolup durýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ata Watanymyzy sebitiň we kontinentiň möhüm ulag-logistika merkezine öwürmek üçin ýerasty baýlyklarymyzyň känlerini senagat taýdan işlemek we ýerli çig mallardan goşulan bahasy ýokary bolan taýýar önümleri öndürmek boýunça işleri hem çaltlandyrmak zerurdyr.

Maýa goýumlaryny, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, ilkinji nobatda, düýpli maýa goýumlaryny çekmek üçin hukuk, maliýe we beýleki şertleri döredýän kanunçylyk namalaryny hem kämilleşdirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şol bir wagtda «Daşary ýurt maýa goýumlary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny döwrebap ýagdaýa getirmek möhümdir. Bu Kanunda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kärhanalaryň döredilmegini höweslendirmegi göz öňünde tutmak wajypdyr.

Ýurdumyzyň aýry-aýry sebitleriniň hem-de çäkleriniň emele gelen üpjünçilik ulgamlaryny täzelemek we ösdürmek, bu işlere telekeçileri çekmek üçin şertleri döretmek boýunça hem işleri geçirmek wajypdyr.

Şeýle hem maýa goýumlaryny çekmek, öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri ösdürmek, sebit derejesinde hojalygy dolandyrmagyň bazar ykdysadyýetiniň kadalaryna laýyk gelýän täze usullaryny ulanmak, goşmaça iş orunlaryny döretmek, ýurdumyzyň sebitlerinde daşary ykdysady işi güýçlendirmek maksady bilen, bu işleri kadalaşdyrýan degişli kanunçylygy kämilleşdirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Täze iş orunlaryny döretmegi höweslendirmek üçin, welaýat we etrap häkimlikleri tarapyndan ýurdumyzyň sebitlerinde senagat, oba hojalyk zolaklary hem-de beýleki zolaklar döredilse, maksadalaýyk bolar.

Şeýle zolaklar döredilende, olaryň hereket etmegi üçin amatly kanunçylyk şertlerini üpjün etmek zerurdyr. Welaýatlaryň we etraplaryň ilatynyň işlemegi üçin bu zolaklarda mümkinçilikleri döretmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Bu ýerlere gaz hem-de elektrik, suw, lagym, aragatnaşyk ulgamlaryny we ýollary çekmek möhümdir hem-de beýleki amatly şertler göz öňünde tutulmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, önümçilik desgalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki binalary gurmak üçin ýer böleklerini bermek meselelerini düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň üstünde hem işlemek zerur bolup durýar. Ilat üçin elýeterli bolan ýaşaýyş jaýlaryny ýokary depginler bilen gurmagy dowam etdirmek hem örän möhüm meseledir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Önümçilik kärhanalaryny, şol sanda senagat toplumlaryny ösdürmek kabul eden maksatnamalarymyzda göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň biridir. Munuň üçin bolsa ýer, çig mal serişdelerini, işçi güýjüni netijeli ulanmak maksady bilen, degişli guramaçylyk, dolandyryş, maliýe we hukuk şertlerini kämilleşdirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şu nukdaýnazardan, biz welaýat we etrap merkezlerinde köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy üpjün etmeli. Şu meselelere seredilende, ýer böleklerini bermek işlerini ýönekeýleşdirmek, telekeçileriň guran jaýlaryny ýerlemegiň, kärendä bermegiň ýa-da beýleki görnüşde ulanmaga bermegiň hukuk kepillendirmelerini döretmek wajypdyr.

Şunuň bilen baglylykda, welaýat häkimlikleriniň fiziki we ýuridik şahslara gurluşyk üçin ýer böleklerini bermek hakyndaky kararlary çykarmaga ygtyýarlyklaryna gaýtadan seredilse, maksadalaýyk bolar. Şeýle hem «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyny, «Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakyndaky» hem-de «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryny seljermek boýunça hem degişli işler geçirilse, dogry bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, döwlet dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň, elektron Hökümet ulgamyny ornaşdyrmagyň Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň geljekki ösüşini göz öňünde tutýan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» we beýleki maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga ýardam berjekdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ygtybarly hukuk esasyny döretmek boýunça gaýragoýulmasyz işleri geçirmegiň zerurdygyna deputatlaryň ünsüni çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýene-de bir hukuk namasynyň — «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakyndaky» namanyň kabul edilmegi hem zerur bolup durýar. Bu bolsa dolandyrmagyň netijeliligini elektron iş ýörediş we resminama dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrmagyň hasabyna ýokarlandyrmak bilen baglydyr.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Hökümeti aň-bilim eýeçiligi ulgamyny ösdürmek meselesine uly üns berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu ugurda 2015 — 2020-nji ýyllar üçin degişli Maksatnama kabul edildi. Şoňa laýyklykda, geçen ýylda «Haryt nyşanlary hakyndaky» we «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakyndaky» Kanunlar kabul edildi.

Aň-bilim eýeçiligine hukuklary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek bu eýeçiligi kadaly ulanmagyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Maksatnamada göz öňünde tutulan kanunçylyk taslamasyny taýýarlamak boýunça işi dowam etmek zerurdyr. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Firma atlary hakyndaky», «Ylmy açyşlar hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary taýýarlanylsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz Garaşsyz Türkmenistanda amala aşyrylýan her bir özgertmäniň we maksatnamanyň ilatymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini nygtap, bu syýasatyň yzygiderli häsiýete eýedigini belledi. Mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, her ýyl býujet edaralarynyň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň zähmet haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny, talyp hem-de diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrýarys. Biz bu işi geljekde hem dowam etmek bilen, ilatymyzy ýaşaýyş-durmuş taýdan goramaga gönükdirilen kanunlara aýratyn ähmiýet bereris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Durmuş goragy ulgamynda geçirilýän her bir özgertme kanunçylyk taýdan berkidilmelidir. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky Kodeksine degişli üýtgetmeleri girizmegi göz öňünde tutmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Halkymyzyň saglygy milli baýlygymyzdyr. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda alyp barýan syýasatymyzyň esasy maksatlaryny goldanyp, biz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini we sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Häzirki zaman sport ulgamlarynyň döredilmegi we ata Watanymyzyň bütin dünýäde sport ýurdy diýlip ykrar edilmegi biziň bu ugurda gazanan iň uly üstünligimizdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Garaşsyz döwletimiz Halkara olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolmak bilen, halkara olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, deputatlara hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz deputatlaryň ünsüni ýene bir möhüm meselä çekdi. Häzirki döwürde kompýuter hem-de maglumat ulgamlarynyň ösüşi bilen baglylykda, çagalar we ýetginjekler, şeýle hem dürli ýaşdaky adamlar köp wagtyny kompýuteriň, telefonyň we planşetiň başynda geçirýärler. Şu sebäpli, adam az hereket edýär, gipodinamiýa ýagdaýynda galýar. Bu bolsa onuň gözlerine ýaramaz täsir edýär, semredýär we saglyga başga-da birnäçe zyýan ýetirýär. Bu meseläni çözmek döwletimiziň we bütin jemgyýetimiziň gaýragoýulmasyz wezipesi bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalarymyzy hem-de ýetginjeklerimizi aň-bilimini we ukyplaryny terbiýeleýän sportuň dürli görnüşleri, şol sanda hereketli milli oýunlar bilen meşgullanmaga çekmegiň netijeliligini has ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi. Ähli tagallalarymyzy ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdynlygynyň sazlaşykly utgaşmagyny üpjün etmäge gönükdirmelidiris. Ýaşlar biziň geljegimizdir. Olar häzirki zaman tehnologiýalaryny we innowasiýalaryny özleşdirip, Garaşsyz döwletimiziň ösüş depgininiň has üstünlikli bolmagyny üpjün etmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlara we Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, olaryň sagdyn ýaşaýşy döretmek we goldamak, kadaly iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak, milli medeniýetimize, dilimize we edebiýatymyza, taryhymyza söýgi ruhunda terbiýelemek bilen bagly düşündiriş hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmalydygyny nygtady. Şular bolmazdan, ýaş nesillerimiz sagdyn ösüp we öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak işine has işjeň gatnaşyp bilmez.

Bu diňe ministrlikleriň ýa-da pudagyň we toplumyň wezipesi däldir. Tutuş döwürleýin ähmiýetli wezipedir. Şoňa görä-de, aýdylyşy ýaly, bu iş bilen hemmämiz bilelikde meşgullanmalydyrys. Şu mesele boýunça beýleki döwletleriň tejribesi öwrenilse we zerur bolanda kanunlarymyza milli ýörelgelerimize laýyk gelýän kadalar girizilse, maksadalaýyk bolar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeler üstünlikli çözülýär. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Beýleki kanunçylyk namalarynda bolşy ýaly, bu Kanunda hem temmäkä garşy göreşmäge gönükdirilen anyk düzgünler kesgitlendi.

Alkogolyň ýaramaz täsiriniň öňüni almak boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy hem kabul edildi. Şeýle hem ýurdumyzda alkogolly içgileriň adamyň saglygyna ýaramaz täsiriniň öňüni almaga, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen hereket edýän kanunçylyk namalarynyň üsti «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny bilen ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz halkara bilermenleriň ýokarda agzalan kanunlara hem-de olary amala aşyrmak boýunça ýurdumyzda geçirilýän işlere ähli döwletler üçin nusgalyk hökmünde baha berýändiklerini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýokanç keselleriň dürli görnüşleriniň öňüni almak we duýdurmak boýunça ýörite kanuny kabul etmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Biz dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ähli durmuş-hukuk şertlerini hem-de kepillendirmelerini döretmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri üpjün etmek bilen bagly gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmelidiris. Ýokanç keselleri bolan adamlara tölegsiz ýa-da ýeňillikli lukmançylyk kömegini bermek üçin şertleri döretmelidiris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň kabul edilendigini belläp, geçen döwrüň içinde ykdysadyýetimiziň düzüminde düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny aýtdy. Şoňa görä-de, şu Kodeksiň bitewüligini üpjün etmek, ony ulanmak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň rejelenen görnüşini taýýarlamaga girişmek maksadalaýykdyr.

Ýaş nesillerimize mynasyp terbiýe bermek biziň üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, maşgala gymmatlyklaryna biz uly üns berýäris. Sebäbi ýaşlarymyzyň ýokary ahlak häsiýetleri şu gymmatlyklaryň esasynda kemala gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Çagalarda milli buýsanjy, beýleki halklara, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazanan üstünliklerine hormat goýmagy terbiýelemek maşgaladan başlanýar. Şonuň üçin hem, bu gatnaşyklary yzygiderli kämilleşdirmek, hukuk taýdan berkitmek we olaryň berk kepillendirmelerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Maşgala Kodeksine häzirki döwrüň talaplaryna esaslanýan degişli üýtgetmeler girizilse, dogry bolar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Häzirki döwürde ýurdumyzda kämil bilim ulgamy döredildi. Bu ulgam raýatlarymyza häzirki zaman bilimini bermäge we ykdysadyýetimizi ýokary derejeli dürli hünärmenler bilen üpjün etmäge ukyplydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýurdumyzy geljekde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy, dünýäde bolup geçýän ählumumy üýtgeşmeler bizden bilim syýasatyna degişli özgertmeleri giňeltmegi, kanunçylyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi, bu ulgamy maliýeleşdirmegiň hem-de dolandyrmagyň ýörelgelerini, düzümini we beýleki taraplaryny kämilleşdirmegi talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba ýerlerindäki üpjünçilik ulgamlaryny üýtgetmek boýunça giň gerimli maksatnamalaryň bellenilendigini aýtdy. Obalarda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady ep-esli berkidildi. Indi obalardaky orta mekdepleri we mekdebe çenli çagalar edaralaryny döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek meselesini hem çözmelidiris.

Ýurdumyzda bilim hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek hem zerurdyr. Mekdepleriň işini kämilleşdirip, dünýä dillerini düýpli öwredýän mekdeplerden başga-da, tehnologik ugurly orta mekdepleri we ýörite synplary hem döretmelidiris. Bu synplarda inžener-tehniki işlere ýykgyn edýän, konstruktorçylyk pikirleri bolan zehinli çagalar okamalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Häzirki döwürde matematika ugurly mekdeplere hem möhüm ähmiýet bermeli. Bu mekdeplerde biziň döwrümiz üçin zerur bolan sanly ykdysadyýet hünärleri boýunça düýpli bilim bermek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň deputatlary bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly işleri geçirmelidir.

Döwlet Baştutanymyz deputatlara hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ilkinji nobatda, milletimiziň baý medeni mirasyny gorap saklamak, dikeltmek, hemmetaraplaýyn öwrenmek we mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ähli işleri geçirmegiň wajypdygyny belledi. Türkmen halkynyň ruhy hazynalary häzirki döwürde diňe biziň milli gymmatlygymyz bolmak bilen çäklenmän, eýsem, umumadamzat baýlygy hem bolup durýar.

Häzirki wagtda biziň üçin, çagalar bagyndan başlap, orta we ýokary okuw mekdeplerine çenli ýaş nesillerimize türkmen dilini we edebiýatyny, medeniýetli sözlemegi hemmetaraplaýyn öwretmek, olary milli gymmatlyklarymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemek örän möhümdir. Şunuň bilen birlikde, ýaşlarymyzyň özleşdiren daşary ýurt dilleriniň üsti bilen gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan baý taryhymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy, dünýä medeniýeti bilen aýakdaş barýan edebiýatymyzy giňden wagyz etmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem daşary ýurt dillerini öwretmegiň häzirki zaman usullaryny işjeň ornaşdyrmaga, dünýä medeniýetiniň iň gowy gazananlary bilen tanyşdyrmaga, mugallymçylyk ugurly ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerimizde türkmen edebiýatyny hem-de milli ruhy mirasymyzy düýpli öwretmäge uly üns bermelidiris. Şol bir wagtyň özünde, bu medeni baýlyklaryň her bir adam üçin elýeterli bolmagyny gazanmalydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Milli medeniýetimizi ösdürmek, milli mirasymyzy gorap saklamak we wagyz etmek boýunça 2019-njy ýylda hem netijeli işler geçirildi. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň geçen ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi biziň bu ugurda üstünlikli işleri alyp barýandygymyzyň aýdyň mysalydyr. Biz mundan beýläk hem medeniýetimizi ösdürmäge uly üns bereris. Sebäbi medeniýet biziň ruhy baýlygymyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli mirasymyzy aýawly saklap, geljekki nesillerimize ýetirmek, halkymyzyň ruhy we dil medeniýetini ösdürmek maksady bilen, kanunçylygy kämilleşdirmek meseleleri bu ugurda hemişe Türkmenistanyň Mejlisiniň üns merkezinde bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Biz agrosenagat toplumyny döwrebap ýagdaýa getirmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Sebäbi bu toplum Garaşsyz döwletimiziň ykdysady ulgamynyň möhüm bölekleriniň biri bolmak bilen, ýurdumyzy öňdebaryjy tehnologiýaly, ösen senagatly döwlete öwürýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümçiliginde halkara tejribä we häzirki döwrüň talaplaryna, milli aýratynlyklarymyza laýyklykda işiň täze guramaçylyk-hukuk görnüşlerini peýdalanmagyň ähmiýetiniň örän uludygyny belledi. Şoňa görä-de, oba hojalyk pudagy kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýan möhüm binýat bolmalydyr.

Hususy maýa goýumlary täze oba hojalyk önümçiliklerini we iş orunlaryny döretmegiň esasyna öwrülmelidir. Şu wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisi oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikleri bermek barada degişli kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmegi göz öňünde tutmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ýurdumyzyň ähli hojalyk ulgamlarynyň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe oba hojalyk pudagynda ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalary kämilleşdirmek hem-de döwrebap ýagdaýa getirmek oba ykdysadyýetini ösdürmegiň örän möhüm ugurlarynyň biridir. Şundan ugur alyp, «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň Bitewi Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak işlerini hem dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Biziň Garaşsyz döwletimiz sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygyny wagyz edýän we şol abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty alyp barýan ýurt hökmünde bellidir. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, «Ekologiýa maglumatlary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Bu Kanunda suw serişdeleriniň, howanyň, topragyň, janly-jandarlaryň we ekologiýanyň ýagdaýy, şeýle hem daşky gurşawa we adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir ýetirip biljek ýagdaýlara hökmany baha bermek üçin zerur görkezijiler hem-de daşky gurşawy gorap saklamaga we netijeli peýdalanmaga gönükdirilen çäreler hakynda maglumat bermegiň tertibi düzgünleşdirilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu kanunyň taslamasy taýýarlananda ekologiýa bilen bagly maglumatlary sanly ulgamlaryň üsti bilen toplamak, peýdalanmak, ýaýratmak bilen bagly meselelere üns berilse, maksadalaýyk bolar diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösýändigi ýurdumyzyň energetika ulgamynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmagy talap edýär. Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bir pudagy hökmünde elektrik energetikasynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kabul etmek hem zerurdyr.

Bitarap döwletimiz umumadamzat ähmiýetli halkara başlangyçlary bilen çykyş edip, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär diýip, milli Liderimiz belledi. Bitarap ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagy netijesinde ýüze çykýan hukuk gatnaşyklary biziň bu ugurdaky milli kanunçylygymyzy hem kämilleşdirmegi talap edýär. Biziň öňe sürýän halkara başlangyçlarymyza öz wagtynda hukuk goldawyny bermek, şol başlangyçlary ýurdumyzda we bütin dünýäde wagyz etmek bilen bagly işleri geçirmek esasy maksadymyz bolup durýar.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda amala aşyrmaly döwrebap özgertmeleriň zerurlygyndan ugur alyp, konsullyk we migrasiýa gulluklarynyň işini düzgünleşdirýän, adatdan daşary ýagdaýlar döwründe halkara kömegini bermegiň tertibini kesgitleýän, şeýle hem syýahatçylygy ösdürmek bilen bagly migrasiýa işiniň kadalaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda hukuk taýdan kesgitleýän Türkmenistanyň Kanunlary kämilleşdirilse, maksadalaýyk bolar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz, hususan-da, «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky» Kanuna hem gaýtadan seretmegiň möhümdigini belledi. «Adatdan daşary ýagdaýlar döwründe halkara kömegini bermek hakyndaky» täze Kanunyň taslamasyny hem taýýarlamaly.

Mundan başga-da, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça tekliplerini öwrenmek esasynda «Migrasiýa hakyndaky» hem-de «Migrasiýa gullugy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak zerurdyr.

Şu işler bilen birlikde, Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny üpjün etmek bilen bagly işleri yzygiderli dowam etmelidir. Dürli ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek, bu gatnaşyklara yzygiderli häsiýet bermek, halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen işleri güýçlendirmek bilen bagly çäreleri amala aşyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu ugurda alnyp barylýan işler «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda dowam etdirilmelidir.

Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeli bolmagyny gazanmak hem esasy wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan «Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilse, maksadalaýyk bolar. Bu Kanunda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bolup durýan Geňeşleriň işini kämilleşdirmek, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagy gazanmak bilen bagly düzgünleri göz öňünde tutmak wajypdyr.

Döwlet Baştutanymyz duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegi we ýakyn ýyllarda has ýokary netijeleri gazanmagy, ilkinji nobatda bolsa, mähriban halkymyzyň berk durmuş goraglylygyny üpjün etmegi maksat edinýäris diýip belledi.

Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, mähriban Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini gazanmak we ony dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak, ykdysady kuwwatyny artdyrmak hem-de mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek barada birnäçe maksatnamalary kabul edildi. Şol maksatnamalary doly amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Mejlisi we Hökümeti hem, ähli jemgyýetçilik hem yhlasly we tutanýerli işlemelidir.

Bu ugurda göz öňünde tutulan ähli özgertmeleriň hukuk binýadyny döretmek, täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek we hereket edýän kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şeýle hem şol kanunçylyk namalaryny bazar gatnaşyklary şertlerinde pudaklaryň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmaga gönükdirmek, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, sanly ulgama geçmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet emlägini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek hem ilkinji nobatdaky wezipelerdir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, jemgyýetimizde demokratiýany ösdürmek, kanunçylygy we tertip-düzgüni üpjün etmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak hakynda ýurdumyzda hemişe alada edilýär.

Biz ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ykdysadyýetiň senagat pudaklaryny, ylmy, bilimi we medeniýeti ösdürmek boýunça hem tutanýerli işleri alyp barmalydyrys diýip, milli Liderimiz belledi. Oba hojalygyny dolandyrmagy kämilleşdirmek we düzüm özgertmelerini geçirmek, ýer we suw serişdelerini aýawly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, jemgyýetde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, anyk çäreler görülmelidir.

Halkara gatnaşyklar ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk etmek, jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyzy demokratiýalaşdyrmak boýunça zerur işler geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Saýlawlary guramak we geçirmek işlerine, ýerli döwlet häkimiýet hem-de öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, demokratik institutlaryň ösdürilmegine uly üns berilmelidir. Olaryň alyp barýan işleriniň netijeli bolmagyny gazanmaga has oýlanyşykly çemeleşilmelidir.

Biz bu meselelerde kanunçylygy kämilleşdirmegi möhüm ugur hasap edýäris. Şu meseleleri çözmekde deputatlaryň orny has-da uly bolmalydyr. Halkyň saýlan adamlary hökmünde deputatlar kämil hukuk namalaryny taýýarlamak arkaly durmuş adalatyna esaslanýan raýat jemgyýetiniň binýatlaryny has-da pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda aýdylanlary jemläp, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kanunlary kabul etmek we möhüm çözgütleri taýýarlamak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze belentliklere tarap bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz döwletimiziň hukuk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döreder diýip belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu işler ata Watanymyzyň iň ýokary kanun çykaryjy edarasynyň alyp barýan işleriniň netijeleriniň ýokarlanmagyna we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tutýan ornunyň pugtalanmagyna ýardam berer. Şeýle hem olar ýurdumyzda demokratik başlangyçlaryň üstünlikli ösdürilmegini üpjün etmekde hem-de jemgyýetimizde durmuş adalatyny ykrar etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Görşüňiz ýaly, biziň öňümizde uly we jogapkärli wezipeler durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we şol wezipeleri deputatlaryň üstünlikli çözjekdigine, ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Sebäbi ata Watanymyz hasyl bolýan arzuwlaryň we bagtyýarlygyň mekanydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we sözüniň ahyrynda duşuşyga gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýarlygy, alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri gazanmagy tüýs ýürekden arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ruhubelentlik bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Duşuşygyň barşynda döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli Parlamentiň işine goldaw berýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, şu duşuşygyň taryhy ähmiýetini belledi.

Nygtalyşy ýaly, her ýylyň başynda milli Liderimiz döwletimizi mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek barada anyk wezipeleri kesgitläp, gymmatly maslahatlary berýär.

Mejlisiň ýolbaşçysy şu günki duşuşygyň aýratyn many-mazmuna eýedigi barada aýdyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny we Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli işleriniň netijesinde türkmenistanlylaryň döredijilikli zähmet çekmegi, mynasyp dynç almagy, ýaşlarymyzyň okamagy, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Milli Liderimiziň çuň manyly maksatnamalaýyn çykyşynda öňde goýlan wezipeleriň özeninde raýatlarymyzyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, jandan eziz görýän mukaddes Watanymyzyň jebisligi, agzybirligi, her bir adamyň abadançylygy, bolelin durmuşda ýaşamagy hakyndaky beýik aladalar, döwletimiziň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek baradaky maksatlar durýar diýip, parlamentiň ýolbaşçysy sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, deputatlar düzüminiň işiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmagy kanunçylyk taýdan üpjün etmäge gönükdiriljekdigi nygtaldy.

Hil taýdan täze iki palataly Parlament gurluşyna geçilmegi bilen baglylykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi boýunça işleri geçirmek barada döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine aýratyn üns berildi.

Mejlisiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy halkyň saýlanlarynyň geljekde hem Ministrler Kabineti, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde eziz Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine ýaýbaňlandyrylan özgertmelere saldamly goşant goşup, milli Liderimiziň asylly başlangyçlarynyň, içeri hem-de daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz duşuşygy jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk we bagtyýarlygy, alyp barýan jogapkärli işinde uly üstünlikleri gazanmagy tüýs ýürekden arzuw etdi hem-de ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

***

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň mejlisi iş ýagdaýynda dowam etdi. Gün tertibine hormatly Prezidentimiziň deputatlar düzüminiň öňünde goýan täze möhüm wezipeleri bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan meseleleri girizildi.

Çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli hem-de oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýändigini, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha belende galýandygyny hem-de halkara abraýynyň berkeýändigini bellediler. Milli kanunçylyk-hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek häzirki Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň, demokratik we hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagynyň aýrylmaz şerti bolup durýar. Munuň özi milli Liderimiziň giň möçberli özgertmeleriniň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, deputatlar öz öňlerinde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde uly jogapkärçiligi duýup, täze maksatlara ýetmek, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan iri taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerini nygtadylar.

Deputatlar şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyň ähmiýeti barada aýdyp, milli Liderimiziň maksatnamalaýyn çykyşynyň parlamentariler üçin ýol görkeziji boljakdygyny bellediler. Şol çykyşda ýakyn geljek üçin Mejlisiň işiniň esasy ugurlary kesgitlenildi. Deputatlar Ministrler Kabineti, ykdysadyýetiň pudaklarynyň hünärmenleri hem-de jemgyýetçiligiň wekilleri bilen bilelikde, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy innowasion ýol bilen ösdürmek, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça kesgitlän wezipelerini çözmek boýunça işleri alyp bararlar.

Kanun çykaryjy häkimiýetiň wekilleri mundan beýläk-de hukuk tertibini berkiderler, düýpli ykdysady we durmuş özgertmeleriniň kanunçylyk üpjünçiligini kämilleşdirerler. Ýurdumyzyň bilim, ylym, medeniýet ulgamlarynyň täze derejä çykmagyna, döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, demokratiýanyň çuňlaşdyrylmagyna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy başlangyçlarynyň ilerledilmegine ýardam ederler.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän 2020-nji ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyny hem-de Halk Maslahatynyň mejlisini görkezmek bolar. Mejlisiň gün tertibine ählihalk tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylandan soň, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy giriziler.

Şunuň bilen baglylykda, eziz Diýarymyzyň kanun çykaryjylyk ulgamyny iki palataly ulgama geçirmäge taýýarlyk görmäge, Konstitusion topara gelip gowuşýan teklipleri seljermäge we umumylaşdyrmaga, ýurdumyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini giň jemgyýetçilige düşündirmäge aýratyn üns berler.

Mejlisiň ahyrynda deputatlar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine ýadawsyz zähmet çekýändigi üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryny amala aşyrmagyň bähbidine güýç-gaýratlaryny, bilimlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

tdh

Degişli makalalar

Şägirt Halypadan Ozdurdy Ýa-da Bekdurdyýew Tälimçisinden Ökde Çykdy

Moldowa Hökümetiniň Wekiliýetiniň Ýurdumyza Saparyna Taýýarlyk

syrach

Birža Täzelikleri