15.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Döwlet Muzeýinde Beýik Ýeňşe Bagyşlanan Sergi Açyldy

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy. Baýramçylyk sergisinde özboluşly fotrosuratlar, plakatlar we arhiw resminamalary, harby esbaplar, şeýle hem etnografiýa predmetleri, žiwopis we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezilýär.

Beýik Ýeňşe bagyşlanan sergide Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygyna bagyşlanan Ýörüşiň şanly pursatlary: Türkmenistanyň hormat garawuly rotasynyň esgerleriniň Moskwanyň Gyzyl meýdançasyndan geçip barýan, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýewiň Gyrat diýlen ak bedew üstünde olaryň öňüni çekip barýan pursatlary şekillendirilen äpet reňkli surat goýlupdyr…

Sergi bu ýere gelenlerde front bilen tylyň bütewi bir zat bolan uruş ýyllarynyň agyr hem gahrymançylykly ruhuny duýmaga mümkinçilik berdi. Türkmen zenanlary harby tehnika satyn almak üçin ençeme tonna kümüş şaý-seplerini tabşyrýardylar, urşa gatnaşýanlar üçin ýüň joraplary örýärdiler. Fotosuratlaryň birinde öz şahsy süýşürintgisini – şol döwür üçin ummasyz 60 müň manat puly Goranmak gaznasyna tabşyran kolhozçy Nyýazowa şekillendirilipdir. Lallyk Hanowyň puluna tank gurlup, fronta ugradylýar, onuňam suraty bu ýerde goýlupdyr.

«Galla ýurda, fronta gerek, Watan öňündäki borçnamamyzy berjaý edeliň!» – plakatyň gahrymany ejiz gerdenine abyrsyz agyr ýük düşen – bol galla önümlerini ýetişdirmek we ýygnamak wezipesi goýlan kolhozçy zenanlara, ine şeýle çagyryş bilen ýüzlenýär.

Merkezi diwarçalaryň birinde ok zynjyrlary egrelen «Maksim» pulemýoty goýlupdyr. Şu tematiki bölüme gelen köp sanly adamlar pulemýotyň ýanyndaky harby esbaplara: adaty we tanka garşy granatlara, telefon aragatnaşygy enjamyna, rasiýa, suw ýa-da spirt guýulýan gaba we ýörüş wagty nahar edinmek üçin demir tabaga uly gyzyklanma bilen syn edýärler. Olaryň käbiri uruş hakdaky filmlerden tanyş zatlar. Bir wagtlar olar gaty gerekli, ýöne maddy gymmatlygy bolmadyk zatlardy. Indi bolsa olar gymmatly muzeý raritetleri, beýik taryhyň sahypalary.

Nirä baksaň bar ýerde üýtgeşik zatlara gözüň düşýär. Mysal üçin, bu fotosuratda garymda ildeşimiz dutar çalyp otyr! Türkmenistanly gyzyl esgeriň dogduk ilinden ýüzlerçe kilometr alysda, söweşleriň arasyndaky az wagtlyk böwşeňlikde ýüregine mylaýym saz çalşyny göz öňüne-de getrimek kyn. Bu suratda bolsa frontda konsert berýän toparyň hatarynda türkmen aýdymçysy M. Faradžewanyň çykyşy şekillendirilipdir.

…Geljekki dört ordeniň eýesi, ýazyjy Seýitnyýaz Ataýew harby köýneginiň gursak kisesinde duşman oky degen Magtymgulynyň goşgylar ýygyndysyny göteripdir. Duşmanyň nobatdaky hüjümleriniň birinde Magtymgulynyň goşgylar ýygyndysy serkerdäni ölümden halas edipdir.

Ine-de, frontdan uzak garaşdyran üçburç hatlar. Himiki galam bilen ýazylan melewşe setirler, gör, nijeme bagtyýar pursatlara sebäp bolupdy. Olaryň her birinde tizara duşmandan gazanyljak ýeňşe umyt bardy.

Gülüp duran esger şekillendirilen plakatda: «Biz ýöne ýerden geçmedik bu ýollary – biz topragymyzy goradyk!» – diýlip ýazylypdyr. Ýeňiş gazanmaga goşant goşan esgerleriň arasynda Budapeşti azat etmäge gatnaşan Iwan Wasilýewiç Şkurin hem bardy. Diwarçada goýlan Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň «Şöhrat» kitabynda fotohabarçymyz Ýuriý Iwanowiç Şkurin öz kakasynyň adyna duşdy…

Sergä gelenleriň arasynda Harby institutyň gelşikli harby lybasy we syratly talyplary saýlanyp durdy, olar uruş ýyllarynyň eksponatlaryna haýran galyp syn edýärdiler, pederleriniň gahrymançylygyna buýsanýardylar.

Sarpaly ýaşulylar – uruş ýyllarynyň azabynyň we tylda zähmet çekenleriň edermenliginiň diri şaýatlary — uruş ýyllarynyň çagalary serginiň açylan güni onuň hormatly myhmanlary boldular.

TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörüte orta sazçylyk mekdebiniň üflenip çalynýan saz gurallary orkestriniň çykyşy aýratyn watanperwerluk duýgysyny döretdi.

Tamara GLAZUNOWA
Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN
Çeşme: http://turkmenistan.gov.tm/

Degişli makalalar

2017-nji Ýylyň Ýanwary: Daşary Syýasy Wakalary

Türkmenistan Bilen ÝUNESKO-nyň Durnukly Ösüş Maksatlaryny Durmuşa Geçirmek Ugrundaky Hyzmatdaşlygy

Moskwada Geçirilen Sambo Boýunça Dünýäniň Kubogy Ugrundaky Ýaryşlarda Türkmen Türgenleri Ýedi Medala Eýe Boldular