2.9 C
Aşkabat
16.12.2025
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanan Sport Çäreleri Geçdi

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan distansion sport çäreleri gurnaldy.

Çärelere HHR-nyň dürli welaýatlarynyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary, Ilçihananyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary gatnaşdylar.

Çäreler sportuň welosipedli ýöriş, ylgaw ýaryşlary, badminton, woleýbol, küşt, futbol, basketbol, stol üstündäki tenis, bilýard we başga-da dürli görnüşleri boýunça geçirildi. Şeýle-de hytaý milli oýun sportunyň bir görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Dezinfeksiýa serişdelerini ulanmagyň, şahsy arassaçylyk boýunça Bütindünýä saglyk guramasynyň düzgünlerini we maslahatlaryny berjaý etmegiň ähmiýeti barada ýatladyp hem-de ýokary okuw jaýlarynyň binalarynda sport bilen meşgullanmaga çagyryp, Türkmenistanyň HHR-daky Ilçisi sanly wideoaragatnaşyk arkaly talyplara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda alnyp barylýan oňyn bitaraplyk syýasaty barada gürrüň berdi.

Çeşme: https://neutrality.gov.tm/

Degişli makalalar

Daşary Işler Ministrliginde GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygy Ýerine Ýetiriji Sekretary Bilen Duşuşyk

Türkmen türgenleri bir altın, bir kümüş, iki bürünç medal gazandylar.

syrach

Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň BMG-ä Goşulmagynyň 25-ýyllygy Mynasybetli Dabaraly Kabul Edişlik Geçirildi