11.9 C
Aşkabat
17.03.2026
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

“Kyzylkum” Topary Ýoldaşlyk Duşuşygynda Ýeňiş Gazandy

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunçylary Abdy Bäşimow bilen Wezirgeldi Ylýasowyň çykyş edýän özbekleriň “Kyzylkum” topary Türkiýede geçirýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda Gazagystanyň “Okjetpes” toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Bu barada “Olamsport” saýtyna salgylanan “turkmenportal” saýty habar berýär.

Duşuşykdaky ilkinji topy Şerali Juraýew, ikinji topy bolsa Mkkartneýa Newesseba öz atlaryna ýazdyrdylar.

Bu duşuşykda A.Bäşimow bilen W.Ylýasowyň esasy düzümde meýdana girendiklerini bellemek gerek.

Ýeri gelende bellesek, “Okjetpes” toparynyň baş tälimçisiniň kömekçisiniň wezipesini türkmenistanly hünärmen Rejepmyrat Agabaýew ýerine ýetirýär.

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Sosial Ulgamlarymyza Goşulyň!

turkmenhabargullugy

Uzynada Nebit-Gaz Ýatagynyň Mümkinçiligi we Geljegi

Maýa Kulyýewa Bagyşlanan Aýdym-Sazly Agşam