20.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Mart Aýynyň Ortalarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Sergisi Hem-de Maslahaty Guralar

Mart Aýynyň Ortalarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Sergisi Hem-de Maslahaty Guralar

Mart aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi hem-de maslahaty guralar. Gözden geçiriliş içerki bazaryň täze ugurlaryny üstünlikli özleşdirýän hem-de halkara derejesine çykýan ýurdumyzyň kiçi we orta işewürliginiň tejribesini, gazananlaryny hem-de artýan kuwwatyny görkezer.

Sergä milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda–oba hojalygynda, gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda we gurluşyk serişdelerini öndürmekde, söwdada hem-de hyzmatlar ulgamynda we beýlekilerde ýöriteleşýän ýurdumyzyň hususy kärhanalary gatnaşar.

Döwletimiziň telekeçiligi ösdürmäge döredýän has oňaýly şertleri türkmen işewürleriniň daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine ýardam edýändigi bellenildi. Hususy kärhanalaryň harytlary eksport etmäge şertnamalaryny resmileşdirmegiň amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi söwda hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeldilmegine, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynda öndürilýän önümleri täze bazarlarda ýerlemäge çykarmaga ýardam eder.

TSTB-niň agzalarynyň maslahatynyň gün tertibine hususy ulgamy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlarynyň, esasy döwlet maksatnamalary babatda ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde durýan wezipeleri çözmek boýunça çäreleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy girizildi.

Tejribäniň görkezişi ýaly, telekeçileriň öz işlerini giňeltmegi üçin mümkinçilikleri köp boldugyça, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginleri hem şonça ýokary bolýar.

Degişli makalalar

Uçýan Ulag

GAZAGYSTANYÑ YKDYSADYÝETI 2010-NJY ÝYLDA 7 GÖTERIM ÝOKARLADY

syrach

Sebitlerde Oba Ýerlerini Gazlaşdyrmak Maksatnamasy Durmuşa Geçirilýär

turkmenhabargullugy