27.4 C
Aşkabat
19.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Minskde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Maslahat Geçirildi

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Belarus döwlet agrar tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi.

Maslahata Belarus Respublikasynda bilim alýan türkmen we daşary ýurtly talyplar, uniwersitetiň ýolbaşçylary we professor mugallymlary, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, şeýle hem Belarus Respublikasynyň Milli döwlet Belteleradiokompaniýasynyň we uniwersitetiň ýanyndaky habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda 2020-nji ýyl “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dekabr aýynda ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler, hususan-da 11-12-nji dekabrda Aşgabat şäherinde «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahat boýunça görülýän taýýarlyklar, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilen gününden häzirki günlere çenli ýeten sepgitleri hem-de gazanan üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň edildi.

Maslahatyň ahyrynda, çärä gatnaşyjylara Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini beýan edýän wideo maglumatlar hem görkezildi.

Çeşme: https://neutrality.gov.tm/

Degişli makalalar

Bäsdeşlige Ukyply Önümleriň Öndürilişi Artýar

turkmenhabargullugy

Oýunlaryň Başlanmagyna 200 Gün Galanda Aziada-2017-niň Nyşany Duşakerikdag Gerşine Galdyryldy

Türkmenbaşy Aýlagyndaky Emeli Adanyň Ekoulgamy Durnukly Ösüşde

turkmenhabargullugy