20.9 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Oýunlar Başlanýar: Türkmenistan Ilkinji Altyn Medallaryny Gazanmak Üçin “Dyrjaşýar”

Oýunlar Başlanýar: Türkmenistan Ilkinji Altyn Medallaryny Gazanmak Üçin “Dyrjaşýar”

16-njy sentýabr, şenbe güni açylyş dabarasyndan öň geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ilkinji çäreleri sportuň türkmen milli göreşi we jiu-jitsu sport görnüşleri bolup, türkmenistanly türgenler bu ýaryşlarda altyn medaly gazanmagy maksat edinýärler.

Başa-baş söweş sungatynyň jiu-jitsu görnüşi boýunça ýaryşy doly kontakt dissiplinasy bilen başlap, ol Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriler. Aziýa çempionatynda synagdan geçirilen bu täze ýaryş görnüşi aýakda durup depilýän we urulýan urgulary öz içine alýar.

Sportuň jiu-jitsu görnüşiniň bu täze çäresi Türkmenistanyň ýeňiş gazanmak isleýän esasy ugry bolup, Oýunlary gurnaýjy ýurduň adyndan gatnaşýan ýygyndy toparda jemi 8 türgen çykyş eder, olaryň 4-si erkek, 4-si zenandyr. Owganystan we Taýland her biri ýedi türgenden ybarat toparlary bilen ýerli tomaşaçylaryň altyn medal baradaky “arzuwlaryny puja çykarmak” üçin ýaryşyň ilkinji güni ellerinden gelenini gaýgyrmazlar.

Sportuň türkmen milli göreş görnüşiniň ýaryşy erkekleriň arasyndaky 57 kg-a çenli agram derejesi boýunça erkin göreş dissiplinasynda geçirilip, 11 sany türgen altyn medal üçin ýaryşar. Ýaryşýan 115 erkek türgeniň arasyndan 16-sy oýunlary geçirýän Türkmenistan döwletiniň adyndan çykyş edip, ol iň uly topardyr. Ondan soňky ýygyndy toparlar Özbegistan we Hindistan bolup, olaryň ikisiniň hem adyndan jemi 14 ýaryşyjy gatnaşar.

Zenanlaryň arasyndaky türkmen milli göreşiniň erkin görnüşinde Türkmenistanyň adyndan Gülnar Haýytbaýewa ýaryşar. Ol zenanlaryň arasyndaky bäş agram derejesinden biri bolan 63 kg-a çenli agram derejesindäki medal ýaryşy üçin göreşer.

Şenbe güni ýaryş geçiriljek sport görnüşlerinden ýene-de biri futzal bolup, onda toparlaýyn görnüşde ýaryşylar. Eýran özüniň erkekleriň arasyndaky ýeňşini dowam etdirmäge ymtylar, Ýaponiýa bolsa zenanlaryň arasyndaky ýeňşe ymtylar.

Öňki ýyllarda geçirilen oýunlaryň dördüsiniň ýeňijileri hökmünde, Eýranyň erkeklerden ybarat ýygyndy topary sportuň bu görnüşinde ýokary sepgide ýetip, soňky ýeňşini 2016-njy ýylda Özbegistan bilen ýaryşyp gazandy we Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň futzal ýaryşynyň ýeňijisi adyna 11 gezek mynasyp boldy. Eýran Halkara Futbol federasiýasynyň futzal ýaryşy boýunça dünýä ýeňijileriniň sanawynda 6-njy orunda bolup, onuň Aşgabat 2017 oýunlaryndaky iň ýakyn garşydaşlary bolan Ýaponiýa we Taýland 15-nji hem-de 17-nji orundadyr.

Zenanlaryň arasynda futzal ýaryşynda Ýaponiýa Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda 2007, 2009 we 2013-nji ýyllarda ýeňiji boldy. Emma olaryň üstünlik gazanmagynda 2015-nji ýylda Malaýziýada geçirilen Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň zenanlaryň arasyndaky futzal çempionatynyň final ýaryşynda 1:0 utuk bilen olary ýeňen Eýranyň ýygyndy topary garşy çykar.

Degişli makalalar

Maria Şarapowa Çempion Boldy

syrach

TOPH Taslamasyny Durmuşa Geçirmegiň Meseleleri Maslahatlaşyldy

Foruma Gatnaşyjylara Söz Berýäris

turkmenhabargullugy