21.7 C
Aşkabat
06.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin, 2019-njy ýylyň 15 — 16-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew yslam medeniýetine we sungatyna bagyşlanyp geçiriljek foto serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin 14 — 16-njy noýabr aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, Owganystana ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Energetika ministrligine güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy 125 MWA bolan 1 sany transformatory degişli enjamlary bilen bilelikde ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

 

 

Degişli makalalar

Türkmenistan Dominika Arkalaşygy Bilen Diplomatik Gatnaşyklaryny Ýola Goýdy

syrach

Fijide Baş Assambleýa Geçirildi

Palestinanyň Türkmenistandaky Medeniýet Günleri Dostluk Konserti Bilen Tamamlandy