15.01.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkiýe Respublikasyny Esaslandyryjynyň Hatyrasyna

Türkiýe Respublikasyny Esaslandyryjynyň Hatyrasyna

Paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşen seýilgähde garaşsyz Türkiýe Respublikasyny esaslandyran görnükli syýasatçy we döwlet işgäri Mustafa Kemal Atatürküň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy.

Ýola goýlan asylly däbe görä, her ýyl türk halkynyň lideriniň aradan çykan güni bu ýere Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, giň jemgyýetçiligiň wekilleri, ýurdumyzda işleýän türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, paýtagtymyzdaky türkmen-türk okuw mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gelýärler.

Bu ýere ýygnananlar görnükli reformatoryň ýadygärligini bir minutlyk dymmak bilen hatyraladylar.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapuja çykyş edip, bu ýere ýygnananlaryň ählisine we türkmen halkyna türk halkyna bildirilýän doganlyk duýgulary hem-de däp-dessurlaryna goýulýan hormat üçin çuňňur hoşallygyny duýgularyny beýan etdi.

Degişli makalalar

Aşgabatda Innowasiýa Tehnologiýaly Stomatologiýa we Oftalmologiýa Ylmy Merkezleri Açyldy

turkmenhabargullugy

GDA Gatnaşyjy-Döwletleriň Daşary Işler Ministrleriniň Geňeşiniň Wideokonferensiýa Görnüşinde Mejlisi Geçirildi

Paýtagtly Dokmaçylar Ýaz Eşikleriniň Tapgyryny Çykarmaga Girişdiler

turkmenhabargullugy