18.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmen Döwlet Gurjak Teatrynda Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy Tarapyndan Guralan Täze Ýyl Mynasybetli Çagalar Üçin Baýramçylyk Çäresi Geçirildi

Türkmen Döwlet Gurjak Teatrynda Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy Tarapyndan Guralan Täze Ýyl Mynasybetli Çagalar Üçin Baýramçylyk Çäresi Geçirildi

Türkmen Döwlet gurjak teatrynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan guralan Täze ýyl mynasybetli çagalar üçin baýramçylyk çäresi geçirildi

2016-njy ýylyň 24-nji dekabrynda Türkmen Döwlet gurjak teatrynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan gurnalan ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli çagalar üçin baýramçylyk çäresi geçirildi.

Dabaranyň başynda meşhur çagalar oýunlarynyň hem-de ertekileriň gahrymanlary myhmanlar üçin ajaýyp konsert bilen çykyş etdiler. Körpeler öz söýgüli ertekileriniň gahrymanlaryny dessine tanap, geçirilýän pýesa diňe tomaşaçylyk etmek bilen çäklenmän, eýsem tötänden onuň gatnaşyjylary bolup hem çykyş etdiler. Soňra türkmen estrada ýyldyzlarynyň görnükli wekilleri çagalary Täze ýyl arçasynyň daşynda toplap, şowhunly aýdymlaryny aýtdylar.

Täze ýyl baýramçylygy ululara-da, çagalara-da şatlyk hem-de bagtyýarlyk eçilýär. Ýurdumyzyň çar künjeklerinde oturdylan belent başly arçalaryň ýanynda, şäherlerimiziň we obalarymyzyň baş meýdançalarynda estrada artistleriniň, çeper höwesjeňleriň we folklor toparlarynyň gatnaşmagynda teatrlaşdyrylan çykyşlar we konsertler ýaýbaňlandyrylýar. Baýramçylygyň baş gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamyk şadyýan çagalara şatlyk eçilýär. Çagalar bu baýramçylykdan ertekilerdäki täsinlikleri, arzuwlaryň amala aşmagyny isleýärler. Özüniň dürli dabaralary, sazly hem-de teatrlaşdyrylan çykyşlar bilen täze ýyl baýramçylyklary ýurdumyzyň çagalar baglarynda, mekdeplerinde, teatrlarynda we medeniýet merkezlerinde giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylýar.

Türkmen Döwlet gurjak teatrynda Döwlet migrasiýa gullugynyň Täze ýyl öňüsyrasynda gurnan baýramçylyk dabarasynyň iň ýokary derejä ýeten pursady Aýazbaba bilen onuň agtygy Garpamygyň sahna çykmagy boldy. Körpeler olar bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanyp, özüniň gowy görýän täze ýyl aýdymlaryny aýtdylar. Aýazbabadan we Garpamykdan sowgat alan çagalaryň dabaralary şatlyk-şowhuna beslendi. Olarda söýgüli baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Degişli makalalar

Ýelena Çaýkowskaýa Türkmen Sportunyň Geljekki Mümkinçilikleri Barada

Türkmen Hemrasy Owganystana Öz Telegepleşiklerini Alyp Görkezmäge Mümkinçilik Berýär

Jahan HANOWA: Zehin Filosofiýasy

turkmenhabargullugy