19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistan-Hytaý: Beýik Ýüpek Ýolunyň Däpleri Dowam Etdirilýär

Türkmenistan-Hytaý: Beýik Ýüpek Ýolunyň Däpleri Dowam Etdirilýär

Hytaýyň iň iri welaýatlarynyň biri bolan Hubeý welaýatynyň merkezinde Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasy bilen Uhan atçylyk kluby tarapyndan biziň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp guralan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tanyşdyrylyşy we at çapyşyklary geçirildi. Giň mahabat — wagyz çäreleriniň çäginde geçirilen bu çäräniň baş maksady Aşgabatda geçiriljek oýunlara hem-de hoşniýetli, sagdyn we ruhubelent ýurt hökmünde Türkmenistanyň täze keşbiniň kemala gelmegine ünsi çekmekden ybaratdyr.

Uhanyň atçylyk klubunyň binasynda duşuşygy açmak bilen, Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Hubeý welaýatynyň halkara hyzmatdaşlygy departamentiniň wekili Fen Si Guo, Uhan şäheriniň halk syýasy geňeşiniň wekili Çen Guan Jun, Uhan şäheriniň sport komitetiniň wekili Ýan Fen hem-de beýlekiler öz çykyşlarynda gözbaşyny gadymy döwürden alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmakda şu dabaralaryň ähmiýetini nygtadylar. Bu gatnaşyklar ýurduň iri sebitlerini diňe bir söwda boýunça däl-de, gündogaryň hem-de günbataryň iki beýik siwilizasiýalarynyň ylym we medeniýet boýunça özara baýlaşmagyna mümkinçilik beren, mundan 2 müň ýyl ozal emele gelen Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti bilen has uly ösüşe eýe boldy. Şeýle hem myhmanlaryň hatarynda “Wan Sian Şen dostlugy” jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary, “Gündogaryň behişdi bedewleri” korporasiýasynyň prezidenti Çen Wan Fen hem-de onuň müdiri Hu Ýue Gao bar.

Çykyp geplänler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýete eýedigi barada aýdyp, iki döwletiň gatnaşyklary ösdürmek bilen halklarymyzyň dostlukly hem-de birek-birege hormat goýmaga, umumy gymmatlyklara esaslanýan, parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwer ýörelgeleriň tarapdarydygyny nygtadylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda ýola goýlan birek-birege ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklar türkmen-hytaý özara gatnaşyklarynyň ýokary derejesinde gazanylan möhüm ýagdaý bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, çykyp geplänler iki dostlukly ýurduň Liderleriniň däbe öwrülen netijeli hyzmatdaşlyga täze, güýçli itergi beren özara döwlet saparlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berdiler.

Uhan şäherinde geçýän bu çäre ynsanperwer gatnaşyklaryň, şol sanda sport ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň ähli umumy bähbitlere kybap gelýän işjeň döwletara gatnaşyklary giňeltmäge we pugtalandyrmaga ygtybarly gural bolup hyzmat edýändiginiň aýdyň güwänamasy bolup durýar.

Myhmanlar Merkezi Aziýanyň taryhynda şeýle derejeli ýaryşlaryň ilkinjisi bolan Aziada — 2017-niň tanyşdyrylyşynyň barşynda köptaraply taýýarlyk işleriniň esasy tapgyrlary hem-de bu oýunlaryň esasy nyşanlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Türkmenistanyň sport ulgamynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri, onuň häzirki zaman düzüminiň döredilmegi döwlet Baştutanymyz tarapyndan köpçülikleýin bedenterbiýäni we olimpiýa hereketini ösdürmek meselelerine ägirt uly üns berilýändiginiň netijesidir. Bu pudakda öňdengörüjilikli strategiýa bolsa milli sportuň hil taýdan täze halkara derejesine çykmagyna ýardam berýär.

“Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygary astynda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň tapawutly aýratynlygynyň biri hem ýaryşlara ilkinji gezek Aziýanyň 45 ýurdy bilen bir hatarda Okeaniýa döwletleriniň 17-siniň gatnaşmagy bolup durýar. Hytaýyň ýygyndy topary ilkinjileriň hatarynda oýunlara gatnaşmaga isleg bildirdi.

Öňde duran ýaryşlarda sportuň 21 görnüşi boýunça 6 müňe golaý türgen öz ussatlygyny görkezer. Bu ýaryşlary diňe bir milli sportuň taryhynda täze sahypany açman, dünýä sport hereketiniň taryhyna hem täze sahypa ýazar. Bu bolsa halkara sport hereketiniň dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan millionlarça adamlaryň bähbitlerine gulluk edip, giňden ýaýramagyna we pugtalanmagyna ýardam eder.

Tanyşdyrylyşa gatnaşyjylar 2010-njy ýylyň 5-nji noýabrynda binýady tutulan Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigi barada giňişleýin maglumat aldylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurluşygy alnyp barlan desganyň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 milliard dollaryna barabardyr. Häzirki wagtda 157 gektar meýdanda 40 töweregi desga guruldy. Olaryň 16-sy bolsa Halkara olimpiýa komitetiniň bildirýän ähli talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan sport desgalarydyr. Şeýle hem türgenlere we tomaşaçylara ýokary amatlylygy üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredildi.

Ýygnananlar Aziada — 2017-niň nyşany, tumary we keşbi bilen tanyşdylar, olaryň ýokary derejede milli öwüşginleri şöhlelendirip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şygaryny aýdyň äşgär edýändigi bellenildi.

Bu ýerde Olimpiýa şäherjigi hem-de türkmen türgenleriniň taýýarlygy barada görnüşli şekiller hem görkezildi. Häzirki wagtda döwlet türgenleriň ussatlyk derejesiniň artmagyna, şeýle hem halkara derejesindäki iri ýaryşlarda giňden ulanylýan meýletinçileriň işiniň ýokarlanmagyna we tejribesiniň artmagyna ägirt uly üns berýär. Filmde alnyp barylýan işleriň netijesi barada gürrüň berilýär. Şol işleriň netijesini ildeşlerimiziň dünýä, Aziýa çempionatlarynda, Aziýa oýunlarynda we beýleki iri halkara ýaryşlarynda gazanan ýüzlerçe medallary aýdyň görkezýär.

Şeýle hem tanyşdyrylyşa gatnaşyjylar Aziada — 2017-ä bagyşlanan Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) tarapyndan taýýarlanan wideogörnüşler bilen hem tanyşdylar. Aziadanyň senasy — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymy myhmanlary has hem haýran galdyrdy.

TDH tarapyndan taýýarlanan görnüşleriň arasynda Olimpiýa toplumynda geçirilen halkara synag ýaryşlary barada wideogörnüşler, öňde duran oýunlara bagyşlanan ýaş we zehinli aýdymçy Mekan Nuryýewiň ýerine ýetirmeginde ajaýyp sazly çykyş bar.

Soňra ýygnananlar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar. Guramaçylar sergini bezemekde milli bezegleri hem-de öňdebaryjy multimediýa tehnologiýalaryny ulanypdyrlar. Aşgabatdaky Aziýa oýunlarynyň nyşanlary owadan görnüşlerde şekillendirilipdir.

Diwarlyklaryň biri dokma senagatynyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlarynda çykyş etjek türkmen türgenleriniň, tälimçileriniň, meýletinçileriň geýimlerini görkezýär. Onda dürli tüýjümek, trikotaž, keteni we beýleki matalardan taýyn önümler görkezildi.

Häzirki wagtda iň täze enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen ýurdumyzyň fabrikleriniň önümleri dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar.

Sergide görkezilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurt dillerine terjime edilen kitaplary we binýatlyk ylmy eserleri myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem sergide biziň ýurdumyzyň köptaraplaýyn ýeten sepgitleri, türkmen döwletiniň Baştutanynyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty barada gürrüň berýän eserler görkezildi.

Ajaýyp nagyşlar, keşdeler bilen bezelen keteniden milli geýimler, bezeg şaý-sepleriniň nusgalary, amaly-haşam sungatynyň eserleri we milli saz gurallary sergä aýratyn öwüşgin berdi.

Dabaralar Aziýa sebitinde iň iri aýlawlaryň biri bolan Uhan şäheriniň atçylyk toplumynyň aýlawynda dowam etdi. Bu ýerde Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan at çapyşyklary geçirildi. At çapyşyklary geçirmek üçin bu şäheriň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Çünki Hytaýda Uhan şäherini at çapyşyklarynyň paýtagty diýip atlandyrýarlar. Toplum halkara hil derejesiniň iň ýokary ölçeglerine doly jogap berýär. Onuň umumy meýdany 1 million inedördül metre barabar bolup, 8 müň tomaşaça niýetlenendir.

Ýerli telewideniýäniň ýaýlymlary boýunça göni ýaýlymda görkezilen bu çäre Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpüsi tarapyndan beýan edildi. Çapyşygyň başlanmazynyň öňüsyrasynda örän uly ekranda dünýäde iň gowy tohum at hökmünde meşhur bolan, türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleriniň taryhyna bagyşlanan film görkezildi.

Häzirki döwürde türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda atçylygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan ägirt uly işler netijesinde meşhur ahalteke bedewiniň şöhrady dünýäniň ähli künjeklerine ýaýrady. Ahalteke bedewiniň tebigy gözelligi we syraty, wepalylygy haýran galaýmaly akyllylygy we ajaýyp ýyndamlygy bu filmde taryp edilipdir. Film mundan iki müň ýyl ozal biziň şöhratly bedewimiziň Beýik Ýüpek ýoly bilen ençeme menzil ýol geçip, hytaý topragyna barandygy hem-de türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhyna ýene-de bir şöhratly sahypany ýazandygy barada gürrüň berýär…

Filmiň taryhy ähmiýetiniň üsti soňky ýyllaryň wakalary bilen sazlaşykly doldurylýar. Onda türkmen Lideriniň 2014-nji ýylyň maýynda Hytaýa bolan sapary beýan edilýär. Şol saparyň çäklerinde iki dostlukly ýurtlaryň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň göçme mejlisi geçirildi. Şol mejlisde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň belleýşi ýaly, ahalteke bedewi özüniň köpmüňýyllyk taryhy, çirksiz, asylly durky, akylly gözleri, ýyndamlygy we çalasynlygy boýunça diňe bir Türkmenistanyň däl-de, bütin dünýä siwilizasiýasynyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasy hasaplanýar.

Uhan şäheriniň atçylyk toplumynyň aýlawynda bolan dabarada gutlag sözleri bilen çykyş edenler iki ýurduň Liderlerine bilelikdäki çäräni guramaga hem-de geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda hem-de Hytaý Halk Respublikasynda we dünýäniň beýleki döwletlerinde ahalteke tohum atlarynyň dünýädäki şöhradyny artdyrmak üçin giň gerimli çäreleriň amala aşyrylýandygyny bellediler. Muňa HHR-de we beýleki ýurtlarda geçirilýän şeýle çäreler, sergiler, ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşikleri aýdyň mysaldyr.

Behişdi bedewleriň şöhratynyň hiç haçan öçmän, onuň wagty boýun egdirip hem-de olary bolmanda bir gezek gören adamlaryň ýüregini özüne bendi edip, barha beýgeljekdigini wagt tassyklady. Häzirki wagtda Türkmenistanda bedew at ählihalk söýgüsine mynasyp bolup, asyrlaryň hem-de nesilleriň arabaglanyşygyny, yhlaslaryny we ýeňişlerini, zähmetiň, ruhubelentligiň hem-de ylham joşgunynyň sazlaşygyny özünde jemleýän ýurduň janly hem-de çuňňur mazmunly nyşanyna öwrüldi. Hut şonuň üçin hem pellehanadaky zolajyga baryp ýetýän ahalteke bedewiniň kellesiniň şekili oýunlaryň resmi keşbini bezeýär.

Ahalteke bedewleriniň dünýä şöhratyny artdyrmakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly tagallalary bardyr. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän işleri netijesinde, ýurdumyzyň atçylyk pudagy täze belent sepgitleri eýeleýär. Pudagyň düzümini ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, sportuň atçylyk görnüşlerini we at çapmagyň milli däp-dessurlaryny wagyz etmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen boýunça Aziýa oýunlarynyň sanawyna konkuryň girizilendigini hem bellemek ýerliklidir.

Hytaý halky ahalteke bedewlerine bolan hormatyny beýan edip, ony “ganatly bedewler” diýip atlandyrýar. Onuň üstesine hem Hytaýda gadym döwürlerden bäri ahalteke bedewi şowlulyk getirýär diýlip hasap edilýär. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar “ganatly bedewlerden” bat alyp, ýurtlarymyza we halklarymyza üstünlik getirer diýip, dostlukly döwletiň wekilleri ynam bildirdiler.

Myhmanlaryň biragyzdan belleýişleri ýaly, şu gün Uhan şäherinde geçirilýän çäre ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir. Şeýle hem dabara gatnaşanlar Türkmenistan tarapyndan şeýle çäreleriň guralmagynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygyna, şol sanda mundan müňlerçe ýyl ozal türkmen topragynda dörän atçylygy, atçylyk sportuny ösdürmek meselelerine ägirt uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň mysalydygyny bellediler. Bu bolsa şeýle çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň milli tejribesiniň daşary ýurtlar tarapyndan öwrenilmegi üçin oňat nusga bolup durýar.

Çäräniň dabaraly böleginde Hytaýyň esasy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplarymyz küştdepdi gadymy türkmen tansyny ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň göwünlerini göterdiler.

At çapyşygy tamamlanandan soňra 1700 metr, 1200 metr, 1100 metr, 1000 metr aralyklara at çapyşygynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň ilçihanasynyň gymmat bahaly sowgatlary — ahalteke bedewiniň şekili şekillendirilen surat eseri hem-de türkmen milli geými don we türkmen telpegi, şeýle hem behişdi bedewleriň heýkeljikleri gowşuryldy.

***

Şu gün bu ýerde ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň ilçihanasynyň we Uhanyň geologiýa uniwersitetiniň toparlarynyň arasynda dostlukly futbol duşuşygy geçirildi.

Hubeý welaýatynyň halkara hyzmatdaşlygy departamentiniň wekili Fen Si Guo, Uhanyň geologiýa uniwersitetiniň prorektory, professor Laý Su Long duşuşyga gatnaşanlara gutlag sözlerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň oňyn depginini bellediler hem-de bu sport bäsleşiginiň dostlukly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigini nygtadylar.

Toparlar duşuşygyň ilkinji minutlaryndan iň soňky minutlaryna çenli örän gyzykly duşuşyk geçirdiler. Türkmen diplomatlary ýokary ussatlyk görkezip, 5:3 hasabynda ynamly ýeňiş gazandylar.

Ertir Türkmenistan bilen HHR-iň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreler dowam eder.

Çeşme: TDH

Degişli makalalar

MAKSATMYRAT ŞAMYRADOW: «BIZ MUNY HÖKMAN BAŞARMALY»

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Nebiti, Gazy we Mineral Serişdeleri

syrach