19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmenistan Türki Medeniýetiniň Festiwalyna Gatnaşýar

Türkmenistan Türki Medeniýetiniň Festiwalyna Gatnaşýar

Düzüminde estrada aýdymlaryny meşhur ýerine ýetirijiler, belli sazandalar we tansçylar bolan Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň paýtagtynda geçirilýän türki medeniýetiniň halkara festiwalynyň açylyş dabarayna gatnaşdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň dürli halkara forumlaryna gatnaşmagynyň maksady türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny dünýäde hemmetaraplaýyn wagyz etmekden, aýdym-saz, horeografiýa, teatr, şekillendiriş we sungatyň beýleki görnüşlerinde häzirki zaman üstünliklerini görkezmekden, tejribe alyşmakdan, hyzmatdaşlygy berkitmekden we ösdürmekden ybaratdyr.

Soňky ýyllarda ynsanperwer ulgamynda işjeňleşen giň halkara gatnaşyklary medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyna, döredijilik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde Türkmenistanyň üstünlikli ösdürýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine ýardam edýär.

Muňa dünýäniň türki dilli ýurtlary bilen özara hereket etmegiň oňyn depgini mysal bolup biler. Şol ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny asyrlaryň we müňýyllyklaryň çuňluklaryna uzap gidýän taryhy kökleriň, medeni we ruhy däpleriň umumylygy birleşdirýär. Häzir bu däpler täze mazmun bilen üsti ýetirilip, hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin örän oňaýly ýagdaýlary döretdi. Şol hyzmatdaşlygyň esasynda rowaçlyga we gülläp ösüşe tarap hoşniýetli erk we ymtylyş durýar. Häzirki forum hem şu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir.

Halkara festiwalyna gatnaşmak üçin, şeýle hem Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Türkiýeden medeniýet işgärleri Koreýa Respublikasyna geldiler. Wekiliýetleriň düzüminde folklor-etnografiýa toparlary, halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, meşhur tans toparlary, kino sungatynyň wekilleri, suratkeşler we amaly-haşam döredijiliginiň ussatlary, döwrebap milli egin-eşikleriniň dizaýnerleri bar.

Şeýle hem türki halklaryň ruhy gymmatlyklaryny, medeniýetleriň özara täsirlerini mundan beýläk-de öwrenmegiň we dünýä ýaýmagyň meseleleri halkara festiwalynyň maksatnamasyna goşuldy.

Festiwalyň dabaraly açylyşy Koreýanyň Milli muzeýiniň Ýon teatrynda geçirildi. Wekiliýetleriň agzalary öz çykyşlarynda türki dilli ýurtlaryň halklarynyň döredijilik we ruhy aragatnaşyklaryny çuňlaşdyrmakda, olaryň umumadamzat medeni genji-hazynasyna uly goşandy bolup durýan baý milli gymmatlygyny öwrenmekde häzirki forumyň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi türki dilli döwletleriň halklarynyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär, medeni mirasymyzyň has-da baýlaşmagyna ýardam edýär.

Dabaranyň resmi böleginden soň, konsert maksatnamasy başlandy. Ony festiwala gatnaşyjylaryň ajaýyp çykyşlary düzdi.

Estrada aýdymlaryny görnükli ýerine ýetirijiler, “Galkynyş” folklor-tans topary, bagşylar milli türkmen medeniýetini ähli köpöwüşginliliginde görkezdiler.

Türkmen artistleriniň ýerine ýetirmegindäki däp-dessurlary beýan edýän owadan hereketler hiç kimi biparh goýmady. Ajaýyp egin-eşikler, milli saz gurallarynyň hoş owazlary, joşgunly aýdymlar, artistleriň ussatlyk bilen ýerine ýetiren hereketleri bu ýere ýygnananlaryň gadymy we baky juwan Türkmenistanyň ruhuny duýmagyna mümkinçilik berdi.

Konserte ähli gatnaşyjylaryň bilelikdäki çykyşy ajaýyp döredijilik şowhunynyň jemleýji bölegine öwrüldi. Ol çykyş halklaryň parahatçylygynyň, dostlugynyň we döredijilik taýdan birleşmesiniň hakyky senasy bolup ýaňlandy.

Teatryň eýwanynda milli egin-eşikleriň nusgalarynyň sergisi hem-de fotosergi ýaýbaňlandyryldy. Sergide türki halklaryň däp-dessurlary, özboluşly sungaty barada gürrüň berilýär.

Festiwalyň çäklerinde kinoforum geçiriler. Tomaşaçylara nusgawy türkmen kinosy bolan “Şükür bagşy” diýen çeper film görkeziler. Bu filmiň wajyplygy beýik türkmen sazandasy hem-de halkymyzyň iň söýgüli ynsanlarynyň biri bolan hut Şükür bagşa bagyşlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda ýazan “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” diýen täze kitabynyň neşir edilmegi bilen hem ýüze çykýar. Milli Liderimiziň bu işi döwürleriň we nesilleriň, milli medeniýetiň taryhynyň we häzirki döwrüniň aýrylmaz arabaglanyşygynyň duýgularyna beslenendir. Bu milli medeniýetde bagşyçylyk mekdebi aýratyn orun tutýar.

Şeýle hem yorumyň maksatnamasynda festiwala gatnaşyjylaryň “tegelek stoluň” başynda duşuşygy meýilleşdirildi.

Festiwal dostlary, pikirdeşleri we tomaşaçylary bir ýere jemleýän baýramçylykdyr. Türkmenistanyň döredijilik wekiliýetiniň türki medeniýetiniň halkara festiwalyna gatnaşmagy türkmen halkynyň köptaraply we özboluşly medeniýeti hem-de bu möhüm ulgamda ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünlikleri bilen döredijilik forumyna köpsanly daşary ýurtly gatnaşyjylary tanyşdyrmaga ýene-de bir ajaýyp mümkinçilikdir.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Raýatlarynyň Türkmenistana Gelmeginiň we Ondan Gitmeginiň Tertibi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi