26.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Döwlet Ýer Kadastry Hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Döwlet Ýer Kadastry Hakynda

Şu Ka­nun Döw­let ýer ka­dast­ry ba­bat­da işiň hu­kuk, yk­dy­sa­dy we gu­ra­ma­çy­lyk esas­la­ry­ny bel­le­ýär.

I BAP. UMU­MY DÜZ­GÜN­LER

1-nji mad­da. Esa­sy dü­şün­je­ler

Şu Ka­nun­da aşak­da­ky esa­sy dü­şün­je­ler ula­nyl­ýar:

1) Döw­let ýer ka­dast­ry — ýer­le­riň te­bi­gy, ho­ja­lyk we hu­kuk düz­gü­ni, to­par­la­ry, muk­dar we hil hä­si­ýet­na­ma­la­ry hem-de yk­dy­sa­dy ba­ha ber­li­şi, ola­ryň ýer­leş­ýän ýe­ri we öl­çeg­le­ri ba­ra­da, şeý­le hem ola­ryň ýer bö­lek­le­ri­niň eýe­le­ri, ýer­den peý­da­la­ny­jy­lar hem-de ýer kä­ren­de­çi­le­ri bo­ýun­ça bö­lü­ni­şi ba­ra­da res­mi­leş­di­ri­len mag­lu­mat­la­ryň ýe­ke-täk döw­let geo­mag­lu­mat ul­ga­my;

2) ýer bö­le­gi — de­giş­li döw­let eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan onuň ara­çäk­le­ri kes­git­le­ni­lip ýaz­gy edi­len we bel­le­ni­len ter­tip­de ke­pil­len­di­ri­len ýer üs­tü­niň (şol san­da top­ra­gyň üst­ki gat­la­gy) bir bö­le­gi;

3) ka­dastr zo­la­gy — ka­dastr kwar­tal­la­ry­nyň je­mi (bir­le­şi­gi);

4) ka­dastr kwar­ta­ly — onuň ara­çäk­le­ri, adat­ça te­bi­gy ýa-da eme­li ara­çäk­ler (der­ýa­lar, çeş­me­ler, suw aka­ba­la­ry, to­kaý zo­lak­la­ry, kö­çe­ler, in­že­ner des­ga­la­ry we beý­le­ki ob­ýekt­ler) bi­len ga­bat gel­ýän ka­dastr zo­la­gyn­da­ky yk­jam çäk;

5) ka­dastr kar­ta­sy — Döw­let ýer ka­dast­ry­nyň ob­ýekt­le­ri ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­la­ry öz içi­ne al­ýan gra­fi­ki şe­kil;

6) in­deks­li ka­dastr kar­ta­sy — ka­dastr zo­lak­la­ry­nyň we kwar­tal­la­ry­nyň ýer­leş­ýän ýe­ri­ni, ara­çäk­le­ri­ni hem-de bel­gi­si­ni gör­kez­ýän we ka­dastr bel­gi­le­ri­ni ber­mek hem-de ka­dastr kar­ta­sy­ny ýö­ret­mek üçin peý­da­la­nyl­ýan kar­tog­ra­fik res­mi­na­ma;

7) ýer bö­le­gi­niň döw­let ta­ra­pyn­dan bel­li­ge alyn­ma­gy — ýer bö­le­gi­niň dö­re­di­len­di­gi we oňa ka­dastr bel­gi­si­niň ber­len­di­gi, ýer bö­le­gin­den peý­da­la­ny­ja ýer bö­le­gi­ne bo­lan hu­ku­gy ke­pil­len­dir­ýän res­mi­na­ma­nyň ber­len­di­gi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry, şeý­le hem ýer bö­le­gi­ne bo­lan hu­kuk­la­ryň döw­let bel­li­gi­ne al­nan­dy­gy, ýer bö­lek­le­ri­niň eýe­le­ri­niň, ýer­den peý­da­la­ny­jy­la­ryň we ýer kä­ren­de­çi­le­ri­niň üýt­gän­di­gi ba­ra­da de­giş­li mag­lu­mat­la­ry Döw­let ýer ka­dastr ki­ta­by­na gi­riz­mek;

8) ýer bö­le­gi­ne bo­lan hu­ku­gyň ýa-da hu­ku­gyň borç­lan­ma­sy­nyň ýü­ze çyk­ma­gy­nyň bes edil­me­gi­niň, baş­ga bi­ri­ne geç­me­gi­niň döw­let ta­ra­pyn­dan bel­li­ge alyn­ma­gy (mun­dan beý­läk — ýer bö­le­gi­ne bo­lan hu­kuk­la­ry döw­let bel­li­gi­ne al­mak) — ýer bö­le­gi­ne bo­lan hu­ku­gy ke­pil­len­dir­ýän res­mi­na­ma­nyň mag­lu­ma­ty esa­syn­da ýer bö­lek­le­ri­niň eýe­le­ri­niň, ýer­den peý­da­la­ny­jy­la­ry­ň, ýer kä­ren­de­çi­le­ri­niň ýer bö­le­gi­ne bo­lan de­giş­li hu­ku­gy­ny Goz­gal­ma­ýan em­lä­ge bo­lan hu­kuk­la­ryň we onuň bi­len bag­ly ge­le­şik­le­riň Döw­let sa­na­wy­na gi­riz­mek, şeý­le hem ýer bö­le­gi­ne bo­lan hu­kuk­la­ryň döw­let bel­li­gi­ne al­nan­dy­gy, ýer bö­lek­le­ri­niň eýe­le­ri­niň, ýer­den peý­da­la­ny­jy­la­ryň, ýer kä­ren­de­çi­le­ri­niň üýt­gän­di­gi ba­ra­da Döw­let ýer ka­dastr ki­ta­by­na gi­riz­mek üçin ha­bar­na­ma­ny Türk­me­nis­ta­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ýer se­riş­de­le­ri ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ýer­li eda­ra­la­ry­na iber­mek;

9) Döw­let ýer ka­dastr ki­ta­by — ýer­le­riň ýer­leş­ýän ýe­ri­ni, mak­sat­la­ýyn ni­ýet­le­ni­li­şi­ni anyk­la­mak üçin hem-de ýer bö­lek­le­ri­niň eýe­le­ri, ýer­den peý­da­la­ny­jy­lar we ýer kä­ren­de­çi­le­ri ba­ra­da ze­rur mag­lu­mat­la­ry öz içi­ne al­ýan, ýer­le­ri ha­sa­ba al­mak we ba­ha ber­mek bo­ýun­ça, şeý­le hem ýer bö­lek­le­ri­ni döw­let bel­li­gi­ne al­nan­dy­gy ba­ra­da mag­lu­mat­la­ry sak­la­ýan esa­sy res­mi­na­ma;

10) top­rak­la­ryň bo­ni­ti­row­ka­sy — ag­ro­teh­ni­ka­nyň we in­ten­siw eke­ran­çy­ly­gy­nyň de­ňeş­di­rip bol­ýan şert­le­rin­de top­ra­gyň gurp­lu­ly­gy bo­ýun­ça hi­li­ne de­ňeş­dir­me ba­ha be­ril­me­gi;

11) ka­dastr bel­gi­si — ýer bö­le­gi­niň onuň bar bo­lan döw­rü­niň bü­tin do­wa­myn­da sak­la­nyp gal­ýan we Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da be­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de gaý­ta­lan­ma­ýan hu­su­sy bel­gi­si.

2-nji mad­da. Döw­let ýer ka­dast­ry ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy

Döw­let ýer ka­dast­ry ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na esas­lan­ýar we şu Ka­nun­dan hem-de ýer se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak we go­ra­mak ba­bat­da gat­na­şyk­la­ry düz­gün­leş­dir­ýän Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ryn­dan yba­rat­dyr.

3-nji mad­da. Döw­let ýer ka­dast­ry­nyň mak­sat­la­ry

Döw­let ýer ka­dast­ry şu mak­sat­lar bi­len ýö­re­dil­ýär:

1) ýer se­riş­de­le­ri­ni dur­nuk­ly do­lan­dyr­ma­gy üp­jün et­mek;

2) ýer se­riş­de­le­ri­niň re­je­li peý­da­la­ny­ly­şy­na we go­ra­ly­şy­na hem-de ýag­da­ýy­nyň üýt­ge­me­le­ri­ne mo­ni­to­rin­giň ge­çi­ri­li­şi­ne döw­let gö­zeg­çi­li­gi­ni ama­la aşyr­mak;

3) ýer­le­riň gurp­lu­ly­gy­nyň sak­la­nyl­ma­gy­na we ýo­kar­lan­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len çä­re­le­ri ge­çir­mek;

4) döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­ny, Ge­ňeş­le­ri we beý­le­ki ýu­ri­dik hem-de fi­zi­ki şahs­la­ry mag­lu­mat taý­dan üp­jün et­mek;

5) Döw­let ýer ka­dast­ry ba­bat­da beý­le­ki çä­re­le­ri ge­çir­mek.

4-nji mad­da. Döw­let ýer ka­dast­ry­ny alyp bar­ma­gyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri

Döw­let ýer ka­dast­ry­ny alyp bar­ma­gyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri şu­lar­dyr:

1) Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de Döw­let ýer ka­dastr ul­ga­my­ny alyp bar­ma­gyň ýe­ke-täk­li­gi;

2) Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de äh­li ýer­le­ri do­lu­ly­gy­na öz içi­ne al­ma­gy;

3) gy­zyk­lan­ýan şahs­lar üçin Döw­let ýer ka­dast­ry­nyň ýer bö­lek­le­ri ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry­nyň dog­ru­ly­gy we el­ýe­ter­li­li­gi;

4) ýer bö­lek­le­ri­niň üýt­gäp dur­ýan hä­si­ýet­le­ri ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­la­ryň Döw­let ýer ka­dast­ry­na gi­ri­zil­me­gi­niň üz­nük­siz­li­gi;

5) Türk­me­nis­ta­nyň ýer gaz­na­sy­nyň ob­ýekt­le­ri ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­la­ryň Döw­let ýer ka­dast­ry­na gi­ri­zil­me­gi­niň hök­ma­ny­ly­gy;

6) Döw­let ýer ka­dast­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry­nyň döw­let we pu­dak­la­ýyn te­bi­gy se­riş­de­le­ri ba­ra­da ka­dast­ryn­da­ky, re­ýest­rin­dä­ki we mag­lu­mat gor­la­ryn­da­ky çeş­me­ler, şeý­le hem ýer bi­len bag­la­ny­şyk­ly beý­le­ki goz­gal­ma­ýan em­läk­le­riň mag­lu­mat­la­ry bi­len de­ňeş­di­rip bo­lu­jy­ly­gy we yla­la­şyp bi­li­ji­li­gi;

7) Döw­let ýer ka­dast­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry­ny res­mi­na­ma­laş­dyr­mak.

5-nji mad­da. Döw­let ýer ka­dast­ry­nyň ob­ýek­ti we sub­ýekt­le­ri

1. Türk­me­nis­ta­nyň ýer gaz­na­sy ýer­le­riň ki­miň yg­ty­ýa­ryn­da dur­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan Döw­let ýer ka­dast­ry­nyň ob­ýek­ti­dir.

2. Ýer bö­lek­le­ri­niň eýe­le­ri, ýer­den peý­da­la­ny­jy­lar hem-de ýer kä­ren­de­çi­le­ri Döw­let ýer ka­dast­ry­nyň sub­ýekt­le­ri­dir­ler.

II BAP. DÖW­LET ÝER KA­DAST­RY BA­BAT­DA DÖW­LET DÜZ­GÜN­LEŞ­DIR­ME­SI

6-njy mad­da. Döw­let ýer ka­dast­ry ba­bat­da döw­let düz­gün­leş­dir­me­si­ni ama­la aşyr­ýan eda­ra­lar

1. Döw­let ýer ka­dast­ry ba­bat­da döw­let düz­gün­leş­dir­me­si Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ýer se­riş­de­le­ri ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti (mun­dan beý­läk — yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan eda­ra), ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň ýer­li eda­ra­la­ry we ýer­li öz-özü­ňi do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry — Ge­ňeş­ler ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýar.

2. Döw­let ýer ka­dast­ry ba­bat­da döw­let düz­gün­leş­dir­me­si we­la­ýat­lar­da we Aş­ga­bat şä­he­rin­de yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan eda­ra­nyň ýer se­riş­de­le­ri mü­dir­lik­le­ri, et­rap­lar­da we şä­her­ler­de — ýer se­riş­de­le­ri mü­dir­lik­le­ri­niň bö­lüm­le­ri (mun­dan beý­läk — ýer­li eda­ra­lar) ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýar.

3. Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň ýö­ri­te bö­lüm­çe­si (kär­ha­na­sy) we Türk­me­nis­ta­nyň Ada­lat mi­nistr­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky Goz­gal­ma­ýan em­lä­ge bo­lan hu­kuk­la­ryň we onuň bi­len bag­ly ge­le­şik­le­riň döw­let ta­ra­pyn­dan bel­li­ge alyn­ma­gy ba­ra­da­ky gul­lu­gy Döw­let ýer ka­dast­ry ba­bat­da aý­ra­tyn yg­ty­ýar­lyk­la­ra eýe­dir.

7-nji mad­da. Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň yg­ty­ýar­ly­ly­gy

Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti:

1) Döw­let ýer ka­dast­ry ba­bat­da ýe­ke-täk döw­let sy­ýa­sa­ty­ny kes­git­le­ýär;

2) Döw­let ýer ka­dast­ry­ny alyp bar­mak ba­bat­da ma­li­ýe­leş­dir­me­giň we ma­ýa go­ýum işi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny kes­git­le­ýär;

3) Döw­let ýer ka­dast­ry­ny alyp bar­ma­gyň Ter­ti­bi­ni tas­syk­la­ýar;

4) Döw­let ýer ka­dast­ry ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­ny ka­bul ed­ýär;

5) şu Ka­nu­na we Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da öz yg­ty­ýar­ly­ly­gy­na gir­ýän beý­le­ki me­se­le­le­ri çöz­ýär.

8-nji mad­da. Yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan eda­ra­nyň we onuň ýer­li eda­ra­la­ry­nyň yg­ty­ýar­ly­ly­gy

1. Yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan eda­ra:

1) Döw­let ýer ka­dast­ry ba­bat­da ýe­ke-täk döw­let sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­ýär;

2) Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de Döw­let ýer ka­dast­ry­ny alyp bar­ma­gy gu­ra­ýar;

3) Döw­let ýer ka­dast­ry­ny alyp bar­ma­gyň Ter­ti­bi­ni iş­läp taý­ýar­la­ýar;

4) Döw­let ýer ha­sa­ba­ty­ny düz­ýär;

5) öz yg­ty­ýar­ly­ly­gy­nyň çäk­le­rin­de Döw­let ýer ka­dast­ry ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ýar we ka­bul ed­ýär;

6) top­rak­la­ryň bo­ni­ti­row­ka­sy­ny we ýer­le­re yk­dy­sa­dy ba­ha ber­me­giň usu­ly­ýe­ti­ni iş­läp taý­ýar­la­ýar;

7) Döw­let ýer ka­dast­ry ba­bat­da hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak we hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ni gu­ra­ýar;

8) Döw­let ýer ka­dastr mag­lu­ma­ty­nyň aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­ga­my­ny dö­red­ýär we alyp bar­ýar;

9) Goz­gal­ma­ýan em­lä­ge bo­lan hu­kuk­la­ry we onuň bi­len bag­ly ge­le­şik­le­ri Döw­let sa­na­wy­na gi­riz­mek üçin, Türk­me­nis­ta­nyň Ada­lat mi­nistr­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky Goz­gal­ma­ýan em­lä­ge bo­lan hu­kuk­la­ryň we onuň bi­len bag­ly ge­le­şik­le­riň döw­let ta­ra­pyn­dan bel­li­ge alyn­ma­gy ba­ra­da­ky gul­lu­gyň ýer­li eda­ra­la­ry­na ýer bö­lek­le­ri­niň eýe­le­ri­niň, ýer­den peý­da­la­ny­jy­la­ryň hem-de ýer kä­ren­de­çi­le­ri­niň ha­sa­ba alyn­ma­gy bi­len bag­ly hem-de ýer bö­lek­le­ri­niň ýag­da­ýy ba­ra­da res­mi­na­ma­la­ry ber­mek bo­ýun­ça ýer­li eda­ra­la­ryň işi­ni ut­gaş­dyr­ýar.

2. Yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan eda­ra Döw­let ýer ka­dast­ry ba­bat­da öz üs­tü­ne ýük­le­nen yg­ty­ýar­lyk­la­ry gös-gö­ni ýa-da ýer­li eda­ra­la­ryň üs­ti bi­len ama­la aşyr­ýar.

Ýer­li eda­ra­lar:

1) de­giş­li do­lan­dy­ryş-çäk bir­lik­le­ri­niň çäk­le­rin­de Döw­let ýer ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry­ny ýö­red­ýär­ler;

2) de­giş­li do­lan­dy­ryş-çäk bir­lik­le­ri­niň çäk­le­rin­de ýer­leş­ýän ýer bö­lek­le­ri ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry Döw­let ýer ka­dast­ry­na gi­riz­ýär­ler;

3) ýer bö­lek­le­ri­ne bo­lan hu­kuk­la­ryň döw­let bel­li­gi­ne al­nan­dy­gy, ýer bö­lek­le­ri­niň eýe­le­ri­niň, ýer­den peý­da­la­ny­jy­la­ryň, ýer kä­ren­de­çi­le­ri­niň üýt­gän­di­gi ba­ra­da Döw­let ýer ka­dastr ki­ta­by­na de­giş­li mag­lu­mat­la­ry gi­riz­ýär­ler;

4) Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da, ýer bö­le­gi­ne eýe­çi­lik hu­ku­gy­ny, ýer­den peý­da­lan­mak hu­ku­gy­ny we ýe­re kä­ren­de hu­ku­gy­ny ke­pil­len­dir­ýän res­mi­na­ma­la­ry ber­me­gi ama­la aşyr­ýar­lar;

5) Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da de­giş­li döw­let eda­ra­la­ry­na we Ge­ňeş­le­re, beý­le­ki ýu­ri­dik, şeý­le hem fi­zi­ki şahs­la­ra Döw­let ýer ka­dast­ryn­dan mag­lu­mat­la­ry ber­ýär­ler;

6) ka­dastr iş­le­ri­ni dö­red­ýär­ler we ýö­red­ýär­ler;

7) ýer ha­sa­ba­ty­ny düz­ýär­ler;

8) de­giş­li çäk­de ýer gur­lu­şy­gy­ny we ýer se­riş­de­le­ri­ni go­ra­mak bo­ýun­ça iş­le­ri ama­la aşyr­ýar­lar.

3. Yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan eda­ra we onuň ýer­li eda­ra­la­ry şu Ka­nu­na we Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da öz yg­ty­ýar­ly­gy­na gir­ýän beý­le­ki me­se­le­le­ri çöz­ýär­ler.

9-njy mad­da. Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň ýer­li eda­ra­la­ry­nyň we Ge­ňeş­le­riň yg­ty­ýar­ly­ly­gy

1. Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň ýer­li eda­ra­la­ry:

1) Döw­let ýer ka­dast­ry ba­bat­da çä­re­le­ri öz içi­ne al­ýan döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak­da we dur­mu­şa ge­çir­mek­de ýar­dam ber­ýär­ler;

2) Döw­let ýer ka­dastr iş­le­ri­ni ge­çir­mek­de we Döw­let ýer ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry­ny ýö­ret­mek­de ýar­dam ber­ýär­ler;

3) ýer se­riş­de­le­ri­niň re­je­li peý­da­la­ny­ly­şy­na we go­ra­ly­şy­na gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­ýar­lar;

4) Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry­nyň maş­ga­la­la­ry­nyň eýe­çi­li­gi­ne hu­su­sy kö­mek­çi ho­ja­ly­gy­ny alyp bar­mak — mel­lek ýer­le­ri we öz­baş­dak ýa­şa­ýyş ja­ýy­ny gur­mak üçin ýer bö­lek­le­ri­ni ber­mek ba­ra­da çöz­güt ka­bul ed­ýär­ler;

5) ýer me­se­le­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly je­del­le­re ga­ra­ýar­lar we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­le­ri taý­ýar­la­ýar­lar.

2. Ge­ňeş­ler:

1) ýer bö­lek­le­ri­niň eýe­le­ri­niň, ýer­den peý­da­la­ny­jy­la­ryň hem-de ýer kä­ren­de­çi­le­ri­niň hu­kuk­la­ry­ny we ka­nu­ny bäh­bit­le­ri­ni üp­jün ed­ýär­ler;

2) öz ga­ra­ma­gyn­da­ky çäk­ler­de ýer se­riş­de­le­ri­niň re­je­li peý­da­la­ny­ly­şy­na we go­ra­ly­şy­na gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­ýar­lar;

3) Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry­nyň maş­ga­la­la­ry­na şah­sy kö­mek­çi ho­ja­ly­gy­ny alyp bar­mak — mel­lek ýe­rlerini we öz­baş­dak ýa­şa­ýyş jaýyny gur­mak üçin ýer bö­lek­le­ri­niň be­ril­me­gi ba­ra­da ar­za­la­ry ka­bul ed­ýär­ler;

4) daý­han bir­le­şik­le­ri­ne we beý­le­ki oba ho­ja­lyk kär­ha­na­la­ry­na döw­let ýer ka­dastr ki­ta­plary­ny ýö­ret­mek­de ýar­dam ber­ýär­ler.

3. Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň ýer­li eda­ra­la­ry we Ge­ňeş­ler şu Ka­nu­na we Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da öz yg­ty­ýar­ly­gy­na gir­ýän beý­le­ki me­se­le­le­ri çöz­ýär­ler.

10-njy mad­da. Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň ýö­ri­te bö­lüm­çe­si­niň (kär­ha­na­sy­nyň) we Türk­me­nis­ta­nyň Ada­lat mi­nistr­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky Goz­gal­ma­ýan em­lä­ge bo­lan hu­kuk­la­ryň we onuň bi­len bag­ly ge­le­şik­le­riň döw­let ta­ra­pyn­dan bel­li­ge alyn­ma­gy ba­ra­da­ky gul­lu­gy­nyň yg­ty­ýar­ly­ly­gy

Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň ýö­ri­te bö­lüm­çe­si­niň (kär­ha­na­sy­nyň) we Türk­me­nis­ta­nyň Ada­lat mi­nistr­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky Goz­gal­ma­ýan em­lä­ge bo­lan hu­kuk­la­ryň we onuň bi­len bag­ly ge­le­şik­le­riň döw­let ta­ra­pyn­dan bel­li­ge alyn­ma­gy ba­ra­da­ky gul­lu­gy­nyň Döw­let ýer ka­dast­ry ba­bat­da­ky yg­ty­ýar­ly­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da kes­git­le­nil­ýär.

III BAP. DÖW­LET ÝER KA­DAST­RY­NYŇ DÜ­ZÜ­MI

11-nji mad­da. Döw­let ýer ka­dast­ry

1. Döw­let ýer ka­dast­ry şu­la­ry öz içi­ne al­ýar:

1) ýer bö­lek­le­ri­ne bo­lan hu­kuk­la­ryň döw­let bel­li­gi­ne al­nan­dy­gy ba­ra­da mag­lu­mat­lar top­lu­my­ny;

2) ýer bö­lek­le­ri­niň muk­dar we hil hä­si­ýet­na­ma­la­ry­ny;

3) top­rak­la­ryň bo­ni­ti­row­ka­sy ba­ra­da mag­lu­mat­la­ry;

4) ýer­le­re yk­dy­sa­dy ba­ha be­ril­me­gi­ni;

5) Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy bi­len bel­le­ni­len ýer se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak we go­ra­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly beý­le­ki mag­lu­mat­la­ry.

2. Döw­let ýer ka­dast­ry­na gi­ri­zil­mä­ge de­giş­li mag­lu­mat­la­ryň ýer bö­lek­le­ri­niň eýe­le­ri, ýer­den peý­da­la­ny­jy­lar hem-de ýer kä­ren­de­çi­le­ri, şeý­le hem de­giş­li döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan de­giş­li ýer­li eda­ra be­ril­me­gi hök­ma­ny­dyr.

12-nji mad­da. Ýer bö­lek­le­ri­ne bo­lan hu­kuk­la­ry döw­let bel­li­gi­ne al­mak

1. Ýer bö­lek­le­ri­ne bo­lan hu­kuk­la­ry döw­let bel­li­gi­ne al­mak Türk­me­nis­ta­nyň Ada­lat mi­nistr­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky Goz­gal­ma­ýan em­lä­ge bo­lan hu­kuk­la­ryň we onuň bi­len bag­ly ge­le­şik­le­riň döw­let ta­ra­pyn­dan bel­li­ge alyn­ma­gy ba­ra­da­ky gul­lu­gy­nyň ýer­li eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýar.

2. Türk­me­nis­ta­nyň we da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri­niň ýu­ri­dik, fi­zi­ki şahs­la­ry­nyň, şeý­le hem da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri­niň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň ýer bö­lek­le­ri­ne bo­lan hu­kuk­la­ry­ny döw­let ta­ra­pyn­dan bel­li­ge al­mak ýer bö­lek­le­ri­niň ýer­leş­ýän ýe­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ryl­ýar.

3. Ýer bö­lek­le­ri­niň eýe­le­ri, ýer­den peý­da­la­ny­jy­lar hem-de ýer kä­ren­de­çi­le­ri (daý­han bir­le­şik­le­ri­niň we beý­le­ki oba ho­ja­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň su­wa­rym­ly ýer­le­rin­den baş­ga), Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da bel­le­ni­len ter­tip­de ýer bö­le­gi­ne bo­lan hu­ku­gy­ny döw­let bel­li­gi­ne al­dyr­ma­ga borç­lu­dyr­lar.

4. Ýer bö­lek­le­ri­ne bo­lan hu­kuk­lar, şol san­da ser­wi­tut­lar we bu hu­kuk­la­ryň beý­le­ki borç­lan­dy­ryl­ma­la­ry döw­let bel­li­gi­ne al­nan ma­ha­lyn­da Döw­let ýer ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry­na ýer bö­le­gi ba­ra­da, ýer bö­lek­le­ri­niň eýe­le­ri, ýer­den peý­da­la­ny­jy­lar hem-de ýer kä­ren­de­çi­le­ri ba­ra­da de­giş­li mag­lu­mat­lar gi­ri­zil­ýär.

5. Ýer bö­lek­le­ri­ne bo­lan hu­kuk­la­ryň döw­let ta­ra­pyn­dan bel­li­ge alyn­ma­gy üçin bu hu­kuk­la­ry ke­pil­len­dir­ýän, üýt­ged­ýän ýa-da bes ed­ýän res­mi­na­ma­lar esas bo­lup hyz­mat ed­ýär­ler.

6. Ýer bö­le­gi­ne hu­ku­gy ke­pil­len­dir­ýän res­mi­na­ma­lar eger Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da baş­ga­ça göz öňün­de tu­tul­ma­dyk bol­sa, şu­lar bo­lup dur­ýar­lar:

1) ýer bö­le­gi­ne hu­su­sy eýe­çi­lik hu­ku­gy­ny — ýer bö­le­gi­ne eýe­çi­lik hu­ku­gy­ny ber­ýän Döw­let na­ma­sy;

2) ýer­den peý­da­lan­mak hu­ku­gy­ny — ýer­den peý­da­lan­mak hu­ku­gy­ny ber­ýän Döw­let na­ma­sy;

3) ýer bö­lek­le­ri­ne kä­ren­de hu­ku­gy­ny — ýe­re kä­ren­de hu­ku­gy ba­ra­da Şa­ha­dat­na­ma.

Şu bö­lek­de kes­git­le­ni­len res­mi­na­ma­lar hu­kuk eýe­si­niň, onuň yg­ty­ýar­ly we­ki­li­niň, mi­ras­dü­şe­ri­niň ar­za­sy esa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da bel­le­ni­len ter­tip­de res­mi­leş­di­ril­ýär.

7. In­deks­li ka­dastr kar­ta­sy­nyň elekt­ron we ka­gyz gö­te­ri­ji­dä­ki nus­ga­la­ry we oňa gi­ri­zil­ýän üýt­get­me­ler yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan eda­ra we onuň ýer­li eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Ada­lat mi­nistr­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky Goz­gal­ma­ýan em­lä­ge bo­lan hu­kuk­la­ryň we onuň bi­len bag­ly ge­le­şik­le­riň döw­let ta­ra­pyn­dan bel­li­ge alyn­ma­gy ba­ra­da­ky gul­lu­ga we onuň mü­dir­lik­le­ri­ne we ýer­li eda­ra­la­ry­na be­ril­ýär.

13-nji mad­da. Ýer­le­riň muk­da­ry­ny we hi­li­ni ha­sa­ba al­mak

1. Äh­li ýer bö­lek­le­ri­niň we ilat­ly ýer­le­riň ýer­leş­ýän ýe­ri­ni, ola­ryň geo­met­rik öl­çeg­le­ri­ni, ara­çäk­le­ri­ni hem-de kon­fi­gu­ra­si­ýa­sy­ny top­lum­la­ýyn öl­çe­me­le­riň esa­syn­da kes­git­le­mek mak­sa­dy bi­len ýer­le­riň muk­da­ry­ny we hi­li­ni ha­sa­ba al­mak Türk­me­nis­ta­nyň do­lan­dy­ryş-çäk bir­lik­le­ri­niň her bi­ri­niň ha­ky­ky ýag­daý­la­ry­na we ula­ny­ly­şy­na la­ýyk­lyk­da ýö­re­dil­ýär.

2. Ýer­le­riň muk­da­ry­ny ha­sa­ba al­mak ýer bö­lek­le­ri­niň öl­çeg­le­ri­ne, ola­ryň gym­ma­ty­na we öl­çe­giň ta­lap edil­ýän ta­kyk­ly­gy­na bag­ly­lyk­da to­pog­ra­fi­ki, kar­tog­ra­fi­ki, ae­ro­kos­mi­ki we fo­tog­ram­met­ri­ki usul­lar bi­len ge­çi­ril­ýär.

3. Ýer­le­riň hi­li­ni ha­sa­ba al­mak te­bi­gy-oba ho­ja­lyk se­bit­leş­di­ril­me­gi­ni, top­rak­la­ry to­par­la­ra böl­me­gi (to­par­la­ma­gy), ola­ryň ag­ro­nom­çy­lyk, eko­lo­gik, teh­no­lo­gik we şä­her­gur­lu­şyk ala­mat­la­ry bo­ýun­ça hä­si­ýet­na­ma­sy­ny öz içi­ne al­ýar.

4. Ýer­le­riň muk­da­ry­ny we hi­li­ni ha­sa­ba al­mak esa­sy we gün­de­lik gör­nüş­le­ri öz içi­ne al­ýar.

5. Ýer­le­riň esa­sy ha­sa­ba alyn­ma­sy (tü­kel­le­me­si) top­rak, geo­bo­ta­nik we beý­le­ki bar­lag­la­ry ge­çir­mek bi­len de­giş­li ge­rim­le­riň plan-kar­tog­ra­fik esas­la­ry­ny hök­ma­ny tä­ze­le­mek ar­ka­ly ara­çäk­ler­de, ýer­le­şi­şin­de, ýer bö­lek­le­ri­niň we peý­da­la­nyl­ýan ýer­le­riň ýag­da­ýyn­da we hä­si­ýe­tin­de öz­ge­riş­le­riň ýer­ler­de ep-es­li top­lan­ma­gy bo­ýun­ça wag­tal-wag­tal ge­çi­ril­ýär.

6. Ýer­ler gün­de­lik ha­sa­ba al­nan ma­ha­lyn­da ýer­le­riň hu­kuk ýag­da­ýyn­da, ola­ryň muk­dar we hil ýag­daý­la­ryn­da hem-de peý­da­la­ny­ly­şyn­da bo­lup ge­çen üýt­ge­me­ler ýü­ze çy­ka­ryl­ýar we bel­li­ge alyn­ýan ýer­le­riň gün­de­lik ha­sa­ba alyn­ma­sy, Döw­let ýer ka­dastr mag­lu­mat­lar top­lu­my­nyň dog­ru­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len ýö­re­dil­ýär.

14-nji mad­da. Top­rak­la­ryň bo­ni­ti­row­ka­sy

1. Top­rak­la­ryň bo­ni­ti­row­ka­sy ýer­le­re yk­dy­sa­dy ba­ha ber­mek, ýer gur­lu­şy­gy­ny ama­la aşyr­mak we ýer se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­ma­gy hem-de go­ra­ma­gy hö­wes­len­dir­mek üçin esas bo­lup dur­ýar.

2. Top­rak­la­ryň te­bi­gy anyk­la­ny­lyş ala­mat­la­ry ola­ryň bo­ni­ti­row­ka­sy­nyň öl­çüt­le­ri­dir. Esa­sy anyk­la­ny­lyş ala­mat­la­ry­na şu­lar: top­rak­la­ryň gör­nüş­le­ri we ki­çi gör­nüş­le­ri, su­wa­rym­ly­ly­gyň ga­dy­my­ly­gy, top­rak­la­ryň me­ha­ni­ki dü­zü­mi, top­rak­da­ky bar bo­lan ýo­kum­ly ele­ment­ler, top­rak­la­ryň şor­laş­ma de­re­je­si we atyz­la­ryň te­kiz­li­gi de­giş­li­dir.

15-nji mad­da. Ýer­le­re yk­dy­sa­dy ba­ha ber­mek

1. Ýer­le­re yk­dy­sa­dy ba­ha ber­mek ýer üçin tö­le­gi we onuň ka­da­laş­dy­ry­jy nyr­hy­ny ha­sap­la­mak, oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­ni ýö­ri­te­leş­dir­mek we or­naş­dyr­mak, ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, ýer­ler döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik ha­jat­la­ry üçin yzy­na al­nan ma­ha­lyn­da ýit­gi­le­riň we zy­ýan­la­ryň öwe­zi­ni dol­mak hem-de ýer se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak we go­ra­mak bo­ýun­ça beý­le­ki çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.

2. Ýer­le­re yk­dy­sa­dy ba­ha ber­mek şu­la­ry öz içi­ne al­ýar:

1) ýer­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ryň top­lu­my­ny ýyg­na­ma­gy;

2) top­rak­la­ryň ag­roö­nüm­çi­lik to­par­la­ry­na bö­lün­me­si­ni (to­par­lan­ma­sy­ny);

3) ba­ha be­riş şka­la­sy­ny düz­mek üçin bin­ýat­lyk ha­syl­ly­ly­gy we çyk­da­jy­la­ry kes­git­le­me­gi;

4) ýer­le­riň ba­ha gör­ke­zi­ji­le­ri­ni ha­sap­la­ma­gy we ba­ha be­riş şka­la­la­ry­ny düz­me­gi;

5) ýer­le­re yk­dy­sa­dy ba­ha ber­mek bo­ýun­ça iş­le­ri ge­çir­me­gi;

6) ýer­le­re yk­dy­sa­dy ba­ha ber­mek bo­ýun­ça jem­leý­ji mag­lu­mat­la­ra ga­ra­ma­gy we tas­syk­la­ma­gy;

7) ýer­le­re yk­dy­sa­dy ba­ha ber­mek bo­ýun­ça res­mi­na­ma­la­ry düz­me­gi we ber­me­gi.

3. Ýer­le­re yk­dy­sa­dy ba­ha ber­mek bo­ýun­ça iş­ler bäş ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ril­ýär.

4. Ýer­le­re yk­dy­sa­dy ba­ha ber­mek bo­ýun­ça mag­lu­mat­lar Döw­let ýer ka­dastr mag­lu­mat­lar top­lu­my­nyň esa­sy bö­le­gi­ni düz­ýär­ler.

16-njy mad­da. Döw­let ýer ha­sa­ba­ty

1. Döw­let ýer ha­sa­ba­ty ýer­le­riň bar­ly­gy, paý­la­nyl­ma­gy we peý­da­la­nyl­ma­gy, ola­ryň tu­tuş Türk­me­nis­tan we onuň do­lan­dy­ryş-çäk bir­lik­le­ri bo­ýun­ça ýag­da­ýy, ýer­le­ri to­par­lar, peý­da­la­nyl­ýan ýer­ler, ýer bö­lek­le­ri­niň eýe­le­ri, ýer­den peý­da­la­ny­jy­lar we ýer kä­ren­de­çi­le­ri bo­ýun­ça paý­la­nyl­ma­gy ba­ra­da­ky ha­sa­bat döw­rün­dä­ki mag­lu­mat­la­ry, şeý­le hem beý­le­ki mag­lu­mat­la­ry öz içi­ne al­ýar.

2. Döw­let ýer ha­sa­ba­ty her ýyl­da yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan eda­ra ta­ra­pyn­dan dü­zül­ýär we Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­ne hem-de de­giş­li döw­let eda­ra­la­ry­na be­ril­ýär.

IV BAP. DÖW­LET ÝER KA­DASTR RES­MI­NA­MA­LA­RY

17-nji mad­da. Döw­let ýer ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry­nyň esa­sy gör­nüş­le­ri

1. Türk­me­nis­tan­da Döw­let ýer ka­dast­ry­ny eme­le ge­tir­ýän Döw­let ýer ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry­nyň ýe­ke-täk ul­ga­my ula­nyl­ýar.

2. Döw­let ýer ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry­nyň esa­sy gör­nüş­le­ri şu­lar­dyr:

1) ka­dastr kar­ta­la­ry;

2) ka­dastr çyz­gy­la­ry (plan­la­ry);

3) ka­dastr iş­le­ri;

4) ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry.

3. Ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry­na daý­han bir­le­şik­le­ri­niň we beý­le­ki oba ho­ja­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň Döw­let ýer ka­dastr ki­tap­la­ry, et­rap­la­ryň (şä­her­le­riň) ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Döw­let ýer ka­dast­ry­nyň ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry we Türk­me­nis­tan bo­ýun­ça Döw­let ýer ka­dast­ry­nyň ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry de­giş­li­dir.

4. Döw­let ýer ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry­nyň dü­zü­mi, maz­mu­ny we ýö­ret­me­giň Ter­ti­bi yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan eda­ra ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­ýär.

18-nji mad­da. Ka­dastr kar­ta­la­ry

1. Ka­dastr kar­ta­sy ola­ryň ýer­leş­ýän ýer­le­ri­ni, meý­da­ny­ny we teh­ni­ki hä­si­ýet­na­ma­la­ry­ny anyk bel­le­mek üçin ka­dastr zo­lak­la­ry­nyň, ka­dastr kwar­tal­la­ry­nyň, ka­dastr bel­gi­le­ri­niň ara­çäk­le­ri gör­ke­zi­len gra­fi­ki res­mi­na­ma­dyr.

2. Ka­dastr kar­ta­la­ry te­ma­ti­ka­sy, tut­ýan çäk­le­ri (tu­tuş Türk­me­nis­tan bo­ýun­ça, we­la­ýat, et­rap, ilat­ly ýer­ler, ýer bö­lek­le­ri), masş­tab­la­ry we beý­le­ki ala­mat­la­ry bo­ýun­ça to­par­la­ra bö­lün­ýär­ler.

3. Ka­dastr kar­ta­la­ry elekt­ron (san­ly) we ka­gyz gö­te­ri­ji­ler­de dü­zül­ýär. Elekt­ron (san­ly) we ka­gyz gö­te­ri­ji­ler­dä­ki mag­lu­mat­la­ryň ara­syn­da ara­ta­pa­wut ýü­ze çy­ka­ry­lan ha­la­tyn­da ka­gyz gö­te­ri­ji­ler­dä­ki mag­lu­mat­lar ar­tyk­maç­ly­ga eýe­dir.

4. In­deks­li ka­dastr kar­ta­sy ka­dastr kar­ta­sy­nyň dü­züm bö­le­gi­dir.

19-njy mad­da. Ka­dastr çyz­gy­la­ry (plan­la­ry)

1. Ka­dastr çyz­gy­sy ýer bö­le­gi­niň ara­çäk­le­ri­ni bel­le­ýän res­mi­na­ma­dyr.

2. Ka­dastr çyz­gy­la­ryn­da şu­lar gör­ke­zil­ýär:

1) ýer bö­lek­le­ri­niň meý­dan­la­ry;

2) ýer bö­lek­le­ri­niň daş­ky ara­çäk­le­ri (ýa­na­şyk ýer bö­lek­le­ri­ni gör­kez­mek bi­len);

3) ýer bö­lek­le­ri­niň öw­rüm no­kat­la­ry­nyň koor­di­nat­la­ry;

4) ýer bö­lek­le­ri­niň öw­rüm no­kat­la­ry bi­len ýer bö­lek­le­ri­niň ara­çäk­le­ri­niň ara­syn­da­ky ara­lyk;

5) ka­dastr bel­gi­le­ri;

6) peý­da­la­nyl­ýan ýer­le­riň ara­çäk­le­ri;

7) ser­wi­tut­lar bel­le­ni­len ýer bö­lek­le­ri­ne gir­ýän bö­lek­le­ri­niň ara­çäk­le­ri.

3. Ka­dastr çyz­gy­la­ry elekt­ron (sanly) we ka­gyz gö­te­ri­ji­ler­de ýer bö­lek­le­ri dö­re­di­len ma­ha­lyn­da dü­zül­ýär.

20-nji mad­da. Ka­dastr işi

1. Ka­dastr işi ýer bö­lek­le­ri­ni eýe­çi­li­ge, peý­da­lan­ma­ga ýa-da kä­ren­dä ber­mek ba­ra­da­ky çöz­güt­ler esa­syn­da baş­lan­ýar.

2. Ka­dastr işi esa­syn­da Döw­let ýer ka­dastr ki­ta­by­na ýer bö­le­gi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar gi­ri­zil­ýär.

21-nji mad­da. Daý­han bir­le­şik­le­rin­dä­ki we beý­le­ki oba ho­ja­lyk kär­ha­na­la­ryn­da­ky ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry

1. Daý­han bir­le­şik­le­rin­dä­ki we beý­le­ki oba ho­ja­lyk kär­ha­na­la­ryn­da­ky ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry şu­la­ry öz içi­ne al­ýar­lar:

1) daý­han bir­le­şik­le­ri­niň we beý­le­ki oba ho­ja­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň döw­let ýer ka­dastr ki­tap­la­ry­ny;

2) ka­dastr kar­ta­la­ry­ny.

2. Daý­han bir­le­şik­le­ri­niň we beý­le­ki oba ho­ja­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň döw­let ýer ka­dastr ki­tap­la­ry yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan eda­ra ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­ny­lan Döw­let ýer ka­dastr ki­ta­by­ny ýö­ret­me­giň Ter­ti­bi­ne la­ýyk­lyk­da ýö­re­dil­ýär.

22-nji mad­da. Et­rap­lar­da (şä­her­ler­de) ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry

1. Et­rap­lar­da (şä­her­ler­de) ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry şu­la­ry öz içi­ne al­ýar­lar:

1) et­rap­la­ryň (şä­her­le­riň) döw­let ýer ka­dastr ki­tap­la­ry­ny;

2) ýer bö­le­gi­ne bo­lan eýe­çi­lik hu­ku­gy­nyň Döw­let na­ma­sy­ny;

3) ýer­den peý­da­lan­mak hu­ku­gy­na bo­lan Döw­let na­ma­sy­ny;

4) ýer­le­re kä­ren­de hu­ku­gy ba­ra­da Şa­ha­dat­na­ma­ny;

5) ka­dastr kar­ta­la­ry­ny;

6) ýer ha­sa­ba­ty­ny.

2. Et­rap­la­ryň (şä­her­le­riň) döw­let ýer ka­dastr ki­tap­la­ry yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan eda­ra ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­ny­lan Döw­let ýer ka­dastr ki­ta­by­ny ýö­ret­me­giň Ter­ti­bi­ne la­ýyk­lyk­da ýö­re­dil­ýär.

23-nji mad­da. We­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Döw­let ýer ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry

We­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Döw­let ýer ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry şu­la­ry öz içi­ne al­ýar­lar:

1) ka­dastr kar­ta­la­ry­ny;

2) ýer ha­sa­ba­ty­ny.

24-nji mad­da. Türk­me­nis­tan bo­ýun­ça Döw­let ýer ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry

Türk­me­nis­tan bo­ýun­ça Döw­let ýer ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry şu­la­ry öz içi­ne al­ýarlar:

1) ka­dastr kar­ta­sy­ny;

2) Döw­let ýer ha­sa­ba­ty­ny;

3) Döw­let ýer ka­dastr res­mi­na­ma­la­ry­nyň jem­leý­ji gör­ke­zi­ji­le­ri­ni.

V BAP. IŞ­LE­RIŇ GÖR­NÜŞ­LE­RI WE DÖW­LET ÝER KA­DAST­RY AL­NYP BAR­LAN MA­HA­LYN­DA GOÝ­BE­RI­LEN ÝAL­ŇYŞ­LYK­LA­RY DÜ­ZET­MEK

25-nji mad­da. Döw­let ýer ka­dast­ry al­nyp bar­lan ma­ha­lyn­da iş­le­riň gör­nüş­le­ri

Döw­let ýer ka­dast­ry­ny ýö­ret­mek iş­le­riň şu gör­nüş­le­ri­ni öz içi­ne al­ýar:

1) kar­tog­ra­fi­ki we ae­ro­kos­mos su­ra­ta dü­şür­me­le­riň ma­te­rial­la­ry­ny peý­da­lan­mak­ly­gy, to­pog­ra­fi­ki, top­rak, ag­ro­hi­mi­ki, geo­bo­ta­ni­ki we beý­le­ki bar­lag­la­ry we göz­leg­le­ri ge­çir­me­gi;

2) ýer­le­riň muk­dar we hil taý­dan ýag­da­ýy­ny kes­git­le­me­gi;

3) Türk­me­nis­ta­nyň we da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri­niň ýu­ri­dik we fi­zi­ki şahs­la­ry­na, şeý­le hem da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri­ne we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­na ýer­le­ri ber­mek ba­ra­da­ky res­mi­na­ma­la­ryň res­mi­leş­di­ri­len­di­gi, ýer bö­le­gi­ne eýe­çi­lik, ýer­den peý­da­lan­mak we ýer kä­ren­de­si hu­kuk­la­ry­na gü­wä geç­ýän res­mi­na­ma­la­ryň ber­len­di­gi, ýer bö­le­gi­ne bo­lan hu­kuk­la­ryň döw­let bel­li­gi­ne al­nan­dy­gy, ýer bö­lek­le­ri­niň eýe­le­ri­niň, ýer­den peý­da­la­ny­jy­la­ryň, ýer kä­ren­de­çi­le­ri­niň üýt­gän­di­gi ba­ra­da Döw­let ýer ka­dastr ki­ta­by­na de­giş­li mag­lu­mat­la­ry gi­riz­me­gi;

4) ýer se­riş­de­le­ri­niň ýag­da­ýy­nyň üýt­ge­me­le­ri­ne yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­li­giň ne­ti­je­le­ri­niň esa­syn­da ýer ka­dastr mag­lu­mat­lar top­lu­my­nyň aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­ga­my­ny dö­ret­me­gi, sak­la­ma­gy we tä­ze­le­me­gi;

5) Döw­let ýer ha­sa­ba­ty­ny düz­me­gi.

26-njy mad­da. Döw­let ýer ka­dast­ry al­nyp ba­r­lan ma­ha­lyn­da goý­be­ri­len ýal­ňyş­lyk­la­ry dü­zet­mek

1.Ýu­ri­dik ýa-da fi­zi­ki şahs ta­ra­pyn­dan Döw­let ýer ka­dast­ry al­nyp ba­r­lan­da ýal­ňyş­lyk­la­ryň goý­be­ri­len­di­gi ýü­ze çy­ka­ry­lan ma­ha­lyn­da bu ba­ra­da res­mi­na­ma­lar­da bar bo­lan mag­lu­mat­la­ryň la­ýyk­ly­gy­ny bar­la­ýan de­giş­li ýer­li eda­ra ha­bar ber­ýär.

2. Eger-de, ýal­ňyş­lyk­la­ryň goý­be­ri­len­di­gi tas­syk­la­ny­lyp, ola­ryň dü­ze­dil­me­gi ýer bö­lek­le­ri­niň eýe­le­ri­niň, ýer­den peý­da­la­ny­jy­la­ry­ň we ýer kä­ren­de­çi­le­ri­niň ýa-da Döw­let ýer ka­dastr mag­lu­mat­la­ry­na ynam bil­di­ren beý­le­ki şahs­la­ryň ka­nu­ny bäh­bit­le­ri­ne zy­ýan ýe­tir­me­ýän bol­sa, ýer­li eda­ra goý­be­ri­len ýal­ňyş­lyk­la­ry bel­le­ni­len ter­tip­de muzd­suz dü­zet­mä­ge borç­lu­dyr.

VI BAP. DÖW­LET ÝER KA­DASTR MAG­LU­MAT­LAR TOP­LU­MY

27-nji mad­da. Döw­let ýer ka­dastr res­mi­na­ma­la­ryn­da bar bo­lan mag­lu­mat­lar top­lu­my­ny peý­da­lan­mak

Döw­let ýer ka­dastr res­mi­na­ma­la­ryn­da bar bo­lan mag­lu­mat­lar top­lu­my şu ha­lat­lar­da peý­da­la­nyl­ýar:

1) ýer se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak we go­ra­mak ba­bat­da döw­let sy­ýa­sa­ty eme­le ge­ti­ri­len­de we dur­mu­şa ge­çi­ri­len­de;

2) ýer se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak we go­ra­mak, top­rak­la­ryň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we beý­le­ki çä­re­ler bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn döw­let mak­sat­na­ma­la­ry taý­ýar­la­ny­lan­da we ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­de;

3) ýer gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­la­ry we she­ma­la­ry (çyz­gy­la­ry) taý­ýar­la­ny­lan­da;

4) şä­her­gur­lu­şyk, agaç oturt­ma, gur­lu­şyk, me­lio­ra­tiw we su­wa­ryş iş­le­ri tas­la­ma­laş­dy­ry­lan­da we al­nyp bar­lan­da;

5) ýer gat­na­şyk­la­ry düz­gün­leş­di­ri­len­de, ýe­re ka­da­laş­dy­ry­jy nyrh­lar kes­git­le­ni­len­de we dü­zü­len­de;

6) ýer bö­lek­le­ri­niň eýe­le­ri­niň, ýer­den peý­da­la­ny­jy­la­ryň we ýer kä­ren­de­çi­le­ri­niň hu­kuk­la­ry döw­let bel­li­gi­ne al­nan­da;

7) ýer üçin tö­le­giň möç­be­ri kes­git­le­ni­len­de we al­nan­da;

8) mag­lu­mat­lar top­lu­my­nyň ul­ga­my we ýer se­riş­de­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat­lar dö­re­di­len­de we peý­da­la­ny­lan­da;

9) Döw­let ýer ka­dastr iş­le­ri­niň ýö­re­di­li­şi­ne, ýer se­riş­de­le­ri­niň peý­da­la­ny­ly­şy­na we go­ra­ly­şy­na döw­let gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşy­ry­lan­da.

28-nji mad­da. Döw­let ýer ka­dastr ki­ta­by­na gi­ri­zil­ýän ýer bö­lek­le­ri­ne bo­lan hu­kuk­la­ryň döw­let bel­li­gi­ne al­nan­dy­gy ba­ra­da mag­lu­mat­lar

1. Ýer bö­lek­le­ri­ne bo­lan hu­kuk­la­ryň döw­let bel­li­gi­ne al­nan­dy­gy ba­ra­da daý­han bir­le­şik­le­ri­niň we beý­le­ki oba ho­ja­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň Döw­let ýer ka­dastr ki­ta­by­na hem-de et­rap­la­ryň (şä­her­le­riň) Döw­let ýer ka­dastr ki­ta­by­na şu­lar ba­ra­da mag­lu­mat­lar gi­ri­zil­ýär:

1) ýer bö­le­gi­ne bo­lan de­giş­li hu­ku­gy bel­li­ge al­nan ýu­ri­dik ýa-da fi­zi­ki şahs;

2) ýer bö­le­gi;

3) ýer bö­lek­le­ri­ni döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik ha­jat­la­ry üçin yzy­na al­mak ha­kyn­da döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň çöz­güt­le­ri;

4) ýer bö­le­gi­ne bo­lan eýe­çi­lik hu­ku­gy­na Döw­let na­ma­sy­nyň, ýer­den peý­da­lan­ma­ga bo­lan hu­ku­ga Döw­let na­ma­sy­nyň ýa-da ýer­le­re kä­ren­de hu­ku­gy ba­ra­da Şa­ha­dat­na­ma­nyň bel­gi­si we ber­len se­ne­si.

2. Ýer bö­lek­le­ri­ne bo­lan hu­kuk­la­ryň döw­let bel­li­gi­ne al­nan­dy­gy ba­ra­da, ýer bö­le­gi­ni ber­me­giň şert­le­ri ha­kyn­da, hu­kuk­la­ryň borç­lan­dy­ryl­ma­la­ry we ser­wi­tut­lar ba­ra­da mag­lu­mat­lar daý­han bir­le­şik­le­ri­niň we beý­le­ki oba ho­ja­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň Döw­let ýer ka­dastr ki­ta­by­na, şeý­le hem et­rap­la­ryň (şä­her­le­riň) Döw­let ýer ka­dastr ki­ta­by­na gi­ri­zil­ýär.

3. Daý­han bir­le­şik­le­ri­niň we beý­le­ki oba ho­ja­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň Döw­let ýer ka­dastr ki­ta­by­na, şeý­le hem et­rap­la­ryň (şä­her­le­riň) Döw­let ýer ka­dastr ki­ta­by­na Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da bel­le­ni­len beý­le­ki mag­lu­mat­lar hem gi­ri­zi­lip bil­ner.

29-njy mad­da. Ka­dastr bel­gi­si

1. Ka­dastr bel­gi­si Döw­let ýer ka­dast­ryn­da ky­bap­laş­dy­ry­jy bo­lup hyz­mat ed­ýär.

2. Ýer bö­lek­le­ri­niň ka­dastr bel­gi­le­ri­niň ul­ga­my Türk­me­nis­ta­nyň bü­tin çä­gin­de ýe­ke-täk­dir.

3. Ýer bö­le­gi bö­lü­nen ýag­da­ýyn­da eme­le ge­len ýer bö­lek­le­ri­niň her­si­ne aý­ra­tyn ka­dastr bel­gi­si be­ril­ýär hem-de bu ýer bö­lek­le­ri­ne bo­lan hu­ku­gy ke­pil­len­dir­ýän res­mi­na­ma­lar aý­ra­tyn res­mi­leş­di­ril­ýär.

Ýer bö­lek­le­ri go­şu­lan ýag­da­ýyn­da eme­le ge­len ýer bö­le­gi­ne tä­ze ka­dastr bel­gi­si be­ril­ýär hem-de bu ýer bö­le­gi­ne bo­lan hu­ku­gy ke­pil­len­dir­ýän res­mi­na­ma­lar tä­ze­den res­mi­leş­di­ril­ýär.

4. Ka­dastr bel­gi­si­ni ber­me­giň ter­ti­bi Türk­me­nis­ta­nyň ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da kes­git­le­nil­ýär.

30-njy mad­da. Ka­dastr bel­gi­si­ni ýa­tyr­mak

1. Ka­dastr bel­gi­si di­ňe ýer bö­le­gi­ne bo­lan hu­ku­gyň döw­let bel­li­gi­ne alyn­ma­gy ýa­ty­ry­lan ýag­da­ýyn­da ýa­ty­ryl­ýar. Ýer bö­le­gi­niň eýe­si­niň ýa-da ýer­den peý­da­la­ny­jy­nyň çal­şyl­ma­gy, ýer bö­le­gi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ryň üýt­ge­dil­me­gi ka­dastr bel­gi­si­ni ýa­tyr­mak üçin esas bo­lup bil­me­ýär­ler.

2. Ýa­ty­ry­lan ka­dastr bel­gi­si baş­ga ýer bö­le­gi­ne ber­lip bi­lin­mez.

3. Ka­dastr bel­gi­si­ni ýa­tyr­mak ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­lar Döw­let ýer ka­dast­ryn­da sak­la­nyl­ýar.

31-nji mad­da. Döw­let ýer ka­dast­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry­ny ber­mek

1. Döw­let ýer ka­dast­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da bel­le­ni­len ter­tip­de be­ril­ýär.

2. Döw­let ýer ka­dast­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let býu­je­ti­niň se­riş­de­le­rin­den ma­li­ýe­leş­di­ri­lýän eda­ra­lar­dan beý­le­ki­le­re tö­leg­li esas­da be­ril­ýär. Döw­let ýer ka­dast­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry­nyň peý­da­la­nyl­ma­gy­na nyrh­la­ryň möç­ber­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi bi­len yla­la­şyl­ma­gy bo­ýun­ça yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan eda­ra ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýar we Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nyl­ýar.

3. Döw­let ýer ka­dast­ryn­dan mag­lu­mat­la­ryň ber­len­di­gi üçin tö­leg gör­nü­şin­de alyn­ýan se­riş­de­ler, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let býu­je­ti­ne ge­çi­ril­ýär.

4. Döw­let bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da Döw­let ýer ka­dast­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry­na el­ýe­ter­li­li­ge çäk­len­dir­me­ler we ga­da­gan­lyk­lar aý­ra­tyn­lyk­da bel­le­nil­ýär.

5. Döw­let ýer ka­dast­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry­ny ber­me­giň ter­ti­bi yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan eda­ra ta­ra­pyn­dan bel­le­nil­ýär.

VII BAP. JEM­LEÝ­JI DÜZ­GÜN­LER

32-nji mad­da. Döw­let ýer ka­dast­ry ba­bat­da ma­li­ýe­leş­dir­mek

Döw­let ýer ka­dast­ry ba­bat­da ge­çi­ril­ýän çä­re­ler Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let býu­je­ti­niň we Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da ga­da­gan edil­me­dik beý­le­ki çeş­me­le­riň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na ma­li­ýe­leş­di­ril­ýär.

33-nji mad­da. Je­del­le­ri çöz­mek

Döw­let ýer ka­dast­ry ba­bat­da ýü­ze çyk­ýan je­del­ler Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da bel­le­ni­len ter­tip­de çö­zül­ýär.

34-nji mad­da. Şu Ka­nu­nyň bo­zu­lan­dy­gy üçin jo­gap­kär­çi­lik

Şu Ka­nu­nyň bo­zul­ma­gy Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da bel­le­ni­len ter­tip­de jo­gap­kär­çi­li­ge elt­ýär.

35-nji mad­da. Şu Ka­nu­nyň güý­je gir­me­gi

Şu Ka­nun res­mi taý­dan çap edi­len gü­nün­den güý­je gir­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aş­ga­bat şä­he­ri. 2017-nji ýy­lyň 25-nji no­ýab­ry.

Degişli makalalar

Bitarap Watanymyz Türkmenistanyň Şanyna Baýramçylyk Konserti

turkmenhabargullugy

Küşt mekdebi Londondaky olimpiadada uly üstünlik gazandy

syrach

Türkmen hökümeti 2014-nji ýylyň ilkinji maslahatyny geçirdi.

syrach