10.9 C
Aşkabat
18.03.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Sport Çärelerini Geçirdi

2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli sport çärelerini geçirdi.

Sport çäreleri sportuň kiçi-futbol we wolleýbol görnüşleri boýunça Daşkent lukmançylyk akademiýasynyň Ürgenç şahamçasynda (DLAÜŞ), Daşkendiň Muhammet Al-Horezmi adyndaky maglumat tehnologiýalary uniwersitetiniň Ürgenç şahamçasynda (DMTUÜŞ) bilim alýan türkmen ýaşlarynyň, şeýle-de hindistanly we gyrgyzystanly talyplaryň gatnaşmagynda geçirildi.

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi öz çykyşynda Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzda sportuň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi we berk bedenli hem-de ruhy taýdan sagdyn nesliň kemala getirilmegi boýunça gazanylan üstünliklere aýratyn üns çekdi.

Sport çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ýaşlaryna berýän ünsi we daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin sag bolsunlaryny beýan etdiler.

Çeşme: https://neutrality.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistan we ÝeHHG Ekologiýa Syýasatyny Durmuşa Geçirmekde Bilelikde Hereket Edýärler

Daşary Ýurtlardan Getirilýän Harytlaryň Ornuny Tutýan Önümçilikleri Öz Ýurdumyzda Ýola Goýmak we Eksporta Gönükdirmek Telekeçilik Strategiýasynyň Esasy Ugrydyr

Milli sport we syýahatçylyk institutynda maslahat geçirildi.

syrach