26.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Uly Balkanyň Gowaklary

Uly Balkanyň Gowaklary

Uly Balkanda gowak azdyr, ol hem esasan giçki hek karbonat gatlaklary bilen baglanşyklydyr. Dag ulgamynyň günbatar eňňidinde uzynlygy 100 metr bolan Düz Mergen kese gowak olardan has bellisidir. Onuň agzy kert gaýanyň diwaryndadyr. Girelgesinden soň uzynlygy 40 metre, depesi 5 metre golaý giň zal bar. Gowagyň indiki uzynlygy 60 ini 20 metrden 40 metre çenli beýleki bölegine gädikden geçip barmaly. Beýleki bir Dam-dam çeşme gowagy ondan birnäçe kilometr gündogarda ýerleşýär. Onuň tagça şekilli 8 metre golaý girelgesi hek gatlaklarynyň arasyndadyr. Onuň geçmişde adamlar üçin gaçybatalga bolan bolmagam mümkin. Balkan dagynyň günorta çetinde geçen asyryň başynda rus alymy arheolog A. Okladnikow pederlerimiziň 10000 ýyldan hem köp wagt ozal ýaşan gowagyny tapypdyr we ony ýazyp beýan edipdir. Dam-dam çeşme (1, 2) we Jebel gowaklarynda ol ilkidurmuş adamlarynyň ulanan kremniden ýasalan zähmet gurallaryny, şeýle hem has giçkiräk döwre degişli syrçaly gaplary tapypdyr. Goraghananyň çägindäki Gubaseňňir gerşiniň eňňidindäki neolit eýýamyndan galan beýleki bir belli Gaýly gowagy hem geň zatlaryň tapylan ýeri boldy. Gubaseňňiriň demirgazyk-gündogar eteginde rus alymy gadymy şaý-sepleri hem tapypdyr. Häli –häzire çenli bu ýer syýahatçylaryň halaýan ýeridir.

Onuň demirgazyk eňňidinde Çöketli burun gowagy hem özüne çekijidir. Onuň agzyna barmak öte kyn, çünki ol 200 metrlik kert gaýanyň orta böleginde ýerleşýär. Onuň agzynyň ini 20 metre golaýdyr. Bu kese gowak umumy uzynlygy onlarça metr bolan iki bölekden ybarat. Onuň birinji böleginiň beýikligi 30 metre golaýdyr. Ondan beýikligi 20 metre golaý, ini 30 metrden gowrak ikinji bölege ýapgyt dar gädik bar. Diwarlaryndan syrygyp akmadan emele gelen iri ala sudurly, ýumşak öwüşginli sarymtyl mermer oniks oňa geň röwüş berýär. Türkmenistanda hünärmenleriň köpüsine we speleologiýanyň muşdaklaryna mälim bolmadyk beýleki tebigy köwleriň hem bolmagy mümkin.

Biz Türkmenistanyň daglaryndaky diňe iri gowaklara—tebigy bilimleriň hakyky ýerasty muzeýlere baryp gördük. Olar eýýäm gowy öwrenilen bolsa-da, hazirem uly gyzyklanma döredýär. Olary guramaçylykly syýahatçylykda giňden ulansa boljak. Bu özboluşly tebigy köwlere baryp, daşlar şalygynyň söz ýetmez gözelligini görmegiňem aýratyn lezzeti bar.

Eger-de dynç alýanlar iň gadymy siwilizasiýanyň yzlaryny we taryhy ýadygärlikleri görmek isleseler, onda Maşady-Misserianyň gadymy ýadygärliklerine syýahatçylyk toparlaryny gurap bolardy. Bu ýerde Х-ХIII asyryň kaşaň binalary— gadymy binagärleriň guran göreni haýran edýän minaralary, köşkleriň galyndylary, üýtgeşik arhitekturaly mawzoleýleri bar. Olara Bugdaýly obasyndan başlanýan 35-40 km gumak tekiz ýol barýar.

Bu sebitde syýahatçylary gyzyklandyryp biljek ýene bir ýer bar, olam günbatar Köpetdagyň iň çetki şahy—Gäwürli jülgesidir, ol ýerde neogen eýýamyndan galan gumdaşlar gatlagynda dünýä derejesindäki tebigy paleontologik ýadygärlik—gadymy düýäniň aýak yzlary saklanyp galypdyr. Onuň 2,5 million ýyl ýaşy bar. Günbatar Türkmenistanyň patlawuklary we Hazar ýakasynyň beýleki gözel ýerleri diňe bir alymlara taryhyň we geologiýanyň syrlaryny açmaga ýardam berýän goraghana bolman, eýsem düşünjäňi artdyrýan syýahatçylyk zolagy hem bolup biler.

Degişli makalalar

Watana Gulluk Tamamlanmaýar

turkmenhabargullugy

«Türkmenistan-Rowaçlygyň Watany» Ýylynyň Çärelerine Dabaraly Badalga Berildi

turkmenhabargullugy

TOPH Taslamasyny Durmuşa Geçirmegiň Meseleleri Maslahatlaşyldy