14.9 C
Aşkabat
30.03.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Ankara Şäherinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygy Mynasybetli Medeni Çäre Geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan «ТRТ» teleradiokompaniýasy bilelikde Ankara şäheriniň Etnografiýa muzeýinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli widerolik hem-de TRT Awaz kanaly tarapyndan taýýarlanan “Ahalteke bedewi” atly dokumental filmi görkezildi.

Bu medeni çärä Ilçihananyň wekilleri, kinofilmi taýýarlan toparyň agzalary, TRT-niň ýolbaşçylary, sungat işgärleri we taryhçylar, atçylyk we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, Etnografiýa muzeýiniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri, ýerli raýatlar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda “Ahalteke bedewi” atly dokumental filme tomaşa edildi. Dokumental film tamamlanandan soňra filmiň düşirilişi we onuň köpçüligiň aňynda galdyran oňyn täsirleri barada gürrüňler edildi. Filmi surata düşüren wekiller ýurdumyzyň ajaýyp Ahalteke bedewiniň dünýä tanadylmagynda beren ýardamlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdiler.

Çeşme: https://neutrality.gov.tm/

Degişli makalalar

“Türkmenpoçta” Kompaniýasy Ýurduň Içinde Pul Geçirimler Ulgamyny Ornaşdyrdy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Göçme Mejlisini Geçirdi

turkmenhabargullugy

Özbegistan syýahatçylyk pudagynyň tanyşdyrylmagy üçin uly tagalla edýär.

syrach