20.9 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Karabük Uniwersitetinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygy Mynasybetli Çäre Geçirildi

Türkiýäniň Karabük uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi.

Çärä Karabük welaýatynyň häkimi, Karabük uniwersitetiniň rektory we professor-mugallymlary, bilim alýan türkmen we daşary ýurtly talyplar, dürli jemgyýetçilik we ylmy edaralaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň barşynda Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin edýän atalyk aladalary we alyp barýan oýlanşykly syýasaty dogrusynda wagyz-nesihat söhbetdeşligi geçirildi. Şeýle-de çykyşlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň sebitde we dünýäde ýokary ykrarnama eýe bolan parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugrynyň mizemez binýadyna öwrülendigi aýratyn nygtalyp geçildi.

Şeýle hem çäräniň dowamynda ýurdumyzyň milli däp-dessurlary, gözel künjekleri bilen tanyşdyrýan fotosurat sergisi guraldy.

Çeşme: https://turkey.tmembassy.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ýygyndy Topary Halkara Ýaryşynyň Ýeňijisi

turkmenhabargullugy

В честь Gadyr gijesi помилованы 1192 туркменистанца и 210 иностранных граждан

Ruhubelentligiň we magaryfyň döwri

syrach