26.9 C
Aşkabat
01.08.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

“Türkmenhaly” Döwlet Birleşigi Döredildi

7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz medeni mirasymyz bolan ajaýyp halylarymyzyň möhümdigini we gymmatlygyny göz öňünde tutup, ýurdumyzda halyçylygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin, «Türkmenhaly» döwlet birleşigini döretmek kararyna gelendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurdan baý tejribesini nazara alyp, Döwlet birleşiginiň ýolbaşçysy wezipesine O.Işangulyýewany belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz öz önümlerimizi eksport etmek işini gowulandyrmak maksady bilen, Dokma senagaty ministrligini we «Türkmenhaly» döwlet birleşigini Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň gözegçilik edýän toplumyna bermek kararyna gelendigini habar berdi.

Degişli makalalar

Aşgabat Şäherindäki Teatrlarda 2020-nji Ýylyň 15-17-nji Maýy Aralygynda Görkeziljek Sahna Oýunlarynyň Tertibi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Prezidentimiziň Milli Medeniýetimize Bagyşlanan Täze Kitaplary

syrach