23.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

«Türkmenistanyň Daşary Syýasaty we Diplomatiýasy» Diýen Žurnalyň Nobatdaky Sany

«Türkmenistanyň Daşary Syýasaty we Diplomatiýasy» Diýen Žurnalyň Nobatdaky Sany

Döwlet ösüşiniň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde ýola goýulýan ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň esasy taraplary bilen giň okyjylar köpçüligini tanyşdyrmak maksadynda Daşary işler ministrligi tarapyndan neşir edilýän, üç aýda bir gezek çapdan çykýan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çap edildi.

Döwürleýin neşirde şu ýylyň birinji çärýeginiň ähmiýetli wakalary öz beýanyny tapdy. Şol wakalaryň hatarynda fewral aýynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary bar. Hakyky demokratiýa, bäsdeşlik esasynda geçen möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsüm döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly barýan Watanymyzyň iň täze taryhynda ähmiýetli sahypa öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, köpçüligiň has köp sesini gazanyp, iň ýokary döwlet wezipesine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gaýtadan saýlandy. Hormatly Prezidentimiziň ady we alyp barýan işi bilen türkmenistanlylar özleriniň bagtyýar şu gününi hem-de ýagty geljegini aýrylmaz baglanyşdyrýarlar.

Žurnal 17-nji fewralda Aşgabatda geçirilen resmi taýdan wezipä girişmek dabarasynda hormatly Prezidentimiziň eden çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyz maksatnamalaýyn sözünde, ilkinji nobatda, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, türkmenistanlylaryň durmuş we hukuk goraglylygyny berkitmäge, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, ony öňdäki sepgitlere çykarmaga gönükdirilen ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy wezipelerini kesgitläp, halkara derejede baky Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan işleriniň esasy ugurlaryna ünsi çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Ýer ýüzüniň ýurtlary we halklary bilen dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklap, Watanymyz ähli meseleleriň parahatçylykly çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmen halkynyň milli bähbitlerine, özbaşdak döwletimiziň daşary syýasat ugruna doly gabat gelýän bu ýörelgeler geljekde-de Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galar.

Şeýlelikde, milli Liderimiziň çykyşynda ýurdumyzyň giň özara bähbitli hyzmatdaşlyk strategiýasyna yzygiderli ygrarlydygy ýene-de öz aýdyň beýanyny tapdy. Şol hyzmatdaşlyk sebit we dünýä möçberinde ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşi üpjün etmegiň maksatlaryna laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan deňhukukly netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürmäge gönükdirilen hem-de anyk netijeleri berýän döredijilikli daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirmegi dowam edýär. Muňa şu ýylyň birinji çärýeginde bolup geçen milli Liderimiziň daşary ýurtlara saparlarynyň hem-de birnäçe daşary döwletleriň Baştutanlarynyň biziň ýurdumyza saparlarynyň netijeleri aýdyň şaýatlyk edýär. Žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen habarlardyr maglumatlaryň ýygyndylary şol wakalara bagyşlanypdyr.

Şeýle mazmundaky makalalaryň biri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejeli XIII maslahatynyň işine gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 1-nji martda Pakistan Yslam Respublikasyna bolan iş saparyna bagyşlanypdyr. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny tassyklap, BMG, şeýle hem beýleki halkara we sebitara guramalar bilen giň hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Bitarap döwletimiziň halkara ýörelgesiniň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi.

Yslamabatdaky maslahatyň gün tertibine YHG-niň 2025-nji ýyla çenli ösüşiniň geljekki maksatnamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy girizildi. Şol ösüş maksatnamalary söwda, ulag we aragatnaşyk, energetika, syýahatçylyk, durmuş abadançylygy hem-de daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary öz içine aldy. Forumda çykyş edip, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna geljekki uly mümkinçilik hem-de netijeli gepleşikleri geçirmek üçin amatly şert hökmünde garaýar. Bu bolsa gatnaşyjy ýurtlaryň her biriniň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyklykda, sebitleýin gatnaşyklaryň kemala gelmegine ýardam edýär.

Milli Liderimiz YHG-niň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly kuwwata eýedigine ynam bildirip, Bitarap Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň, şol sanda energiýa serişdeleriniň durnukly we ygtybarly üstaşyr iberilmegini üpjün etmäge, häzirki zamanyň sebit we ählumumy ulag ulgamynyň kemala getirilmegine, Owganystandaky ýagdaýlaryň parahatçylykly düzgünleşdirilmegine hem-de onuň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna degişli başlangyçlarynyň üstünde durup geçdi. Bu ugurlarda ýurdumyz yzygiderli anyk çäreleri görýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde umumy abadançylyga we gülläp ösüşe hyzmat etmäge gönükdirilen iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýär.

Yslamabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçirilen duşuşyklarynyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, YHG-niň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işine ýurdumyzyň goşýan goşandyna ýokary baha berdiler.

Däp bolan dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklary Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana bolan döwlet saparyna bagyşlanan makalada öz beýanyny tapdy. Onda bellenilişi ýaly, 6-njy martda Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça dürli pudaklarda netijeli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şol resminamalaryň hatarynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama hem-de Bilelikdäki Beýannama bar. Olara Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew gol çekdiler.

7-nji martda Lebap welaýatynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ulag-aragatnaşyk düzümleriniň möhüm desgalary bolan Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprülerini ulanmaga tabşyrmak dabarasy boldy. Iki goňşy ýurduň çäklerini birleşdirýän bu köprüleriň uzynlygy degişlilikde 1600 we 1750 metre deňdir.

Makalada bellenilişi ýaly, Amyderýanyň üstünden geçýän köprüler ýaly şeýle desgalaryň ähmiýeti bimöçber uludyr. Olar Aziýa—Ýuwaş ummany sebitiniň, Günorta Aziýa döwletlerinden Hazar deňzine we ondan hem aňryk Gara deňiz we Orta ýer deňziniň sebitlerine, Ýewropa, Zakawkazýe, Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlaryna tarap ýük akymlarynyň göni çykalgasyny açýar. Ýewraziýa yklymynda ulag gatnawlary ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň we işjeňleşdirmegiň netijeli pikiri hakykata öwrülýär. Bu ulgama täze geografik giňişlikler, ykdysady we önümçilik merkezler barha köp çekiler.

Şol gün türkmen we özbek Liderleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenabatda Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligi açyldy. Onuň ady Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezleriniň köçeleriniň hem birine dakyldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň sungat ussatlarynyň uly konsertine hem gatnaşdylar. Konsert iki goňşy halkyň dostluk we doganlyk baýramçylygyna öwrüldi.

Bitarap Watanymyzyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen deňhukukly, özara hormat goýulýan gatnaşyklara ygrarlydygyny milli Liderimiziň şu ýylyň 15—16-njy martynda Katar Döwletine bolan döwlet saparynyň netijeleri aýdyň tassyklaýar.

Ýokary derejedäki türkmen-katar duşuşygyna bagyşlanan makalada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasyndaky gepleşikleriň barşynda taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagy, özara hereket etmegiň toplanan oňyn tejribesini, milli ykdysadyýetleriň üstünliklerini hem-de bar bolan köptaraply uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlyga işewür we netijeli häsiýet bermegi özara maksat edinýändikleri bellenip geçilýär.

Türkmen-katar gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna hem-de medeni-ynsanperwer aragatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Gepleşikleriň gün tertibine, şeýle hem Türkmenistanyň maýa goýum taslamalaryna, hususan-da, energetika pudagyndaky taslamalara meşhur katar kompaniýalarynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamy ýaly ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegine degişli meseleler girizildi. Ýurtlaryň ikisiniň hem däp bolan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy we diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýändigi ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumynda öz beýanyny tapdy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň Emiri bilen bilelikde “Al Şakab” atçylyk sport merkezine baryp gördi we şol ýerde bu meşhur merkeziň guralyşy hem-de işi bilen tanyşdyryldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kataryň Maýa goýum palatasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Şeýh Abdullah ben Muhammad ben Saud Al-Tani hem-de Bilim, ylym we jemgyýetçilik ösüşi Gaznasynyň (Qatar Foundation) ýolbaşçysy Şeýh Hind bint Hamad Al-Tani bilen bolan duşuşyklarynyň barşynda dürli ulgamlarda türkmen-katar hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň mümkinçiligi we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dohada geçirilen türkmen-katar işewürlik maslahaty hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine döwlet saparyna bagyşlanyldy.

29—31-nji martda ýurdumyza Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň bolan resmi sapary hem-de onuň çäklerinde ýokary derejede geçirilen türkmen-belarus gepleşikleri baradaky makala hem žurnalyň okyjylarynyň dykgatyna hödürlenilýär.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça döwletara gatnaşyklarynyň kadalaýyn-hukuk binýadyny has-da berkiden resminamalaryň örän uly toplumyna gol çekilmegi taraplaryň mundan beýläk-de köptaraply ýygjam hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Aşgabatda gurlan Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň täze binasy hem däp bolan dostlukly türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Bu binanyň açylyş dabarasy Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aleksandr Lukaşenkonyň gatnaşmagynda geçirildi.

Lebap welaýatynda gurlan kaliý dökünlerini öndürýän Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy kombinaty ýurdumyzda ilkinji hem-de Merkezi Aziýa sebitinde iri desga bolup, onuň ulanmaga tabşyrylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda ähmiýetli waka öwrüldi. Iki ýurduň ykdysady taýdan özara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini görkezýän bu ägirt uly senagat desgasynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Baştutanlary gatnaşdylar. Dünýäniň esasy öndürijileriniň öňdebaryjy tehnologiki enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhananyň kuwwaty ýylda 1 million 400 müň tonna kaliý hloridini öndürmäge barabardyr. Şunça möçber kaliý dökünlerine Türkmenistanyň içerki sarp edijiligini kanagatlandyrmak bilen birlikde olaryň köp bölegini daşary ýurtlara ibermäge hem mümkinçilik berer. Şunuň ýaly uly möçberli bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegi uzak möhletli geljege niýetlenen döwletara hyzmatdaşlygynyň ýokary kuwwatyny görkezdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly wekiliýete baştutanlyk etmeginde ýurdumyzda sapar bilen bolan Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Karen Karapetýan bilen duşuşygy baradaky habar hem ýylyň birinji çärýeginiň möhüm wakalary dogrusyndaky makalalaryň tapgyryna girdi. Özara bähbitli türkmen-ermeni hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň meseleleri hem-de dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygy bellenilýär. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-niň Hemişelik wekili we BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekili hanym Ýelena Panowanyň makalasy ýurdumyz bilen bu iri halkara guramanyň arasyndaky çärýek asyryň dowamynda strategik esasda üstünlikli ösdürilýän köptaraply hyzmatdaşlyk meselesine bagyşlandy.

Ýurdumyz we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Müdirligi (UNHCR) tarapyndan ýola goýlan hem-de döwrüň wajyp ynsanperwer meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen netijeli özara gatnaşyklar barada UNHCR-iň sebitleýin wekili, Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy hanym Ýasuko Odanyň makalasynda gürrüň berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýän ilatyň saglygyny goramak strategiýasyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň täsir galdyryjy üstünlikleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit býurosynyň direktory hanym Žužanna Ýakabyň makalasynyň meselesi boldy.

Žurnalyň makalalarynyň biri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan uly möçberli işler hem-de demokratik özgertmeler, onuň düzümleri hem-de düýpli esaslary babatda Türkmenistanyň milli syýasy ulgamynyň ösdürilişine we kämilleşdirilişine bagyşlanypdyr. Awtoryň belleýşi ýaly, degişli ylmy çeşmelerde ýurduň syýasy durmuşyna gatnaşýan hem-de oňa degişli jemgyýetçilik gatnaşyklary bolan döwlet edaralarynyň, partiýa we jemgyýetçilik guramalarynyň jemi jemgyýetiň syýasy ulgamy hökmünde göz öňünde tutulýar. Bu ulgam syýasy institutlar, syýasy tejribe we syýasy ideologiýa ýaly ençeme düzümleýin böleklerden ybaratdyr. Olary anyk toparlara birleşdirmek mümkin. Makalada baý, anyk maglumatlar bilen Türkmenistanyň syýasy ulgamynyň kemala gelşi yzarlanylýar hem-de ony mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ýollary subutnamalar bilen esaslandyrylýar.

Žurnalyň sahypalarynda, şeýle hem türkmen diplomatiýasynyň taryhy hem-de binýatlyk ýörelgeleri, dünýä hojalyk işleriniň ählumumy derejä eýe bolýan şertlerinde durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda ýurdumyzyň tejribesi, şeýle hem parahatçylygy we durnuklylygy berkarar etmegiň, sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ýagdaýy hökmünde Türkmenistanyň energetika we medeniýet diplomatiýasy baradaky makalalar ýerleşdirildi.

Sporty höweslendirmek we ösdürmek boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler we maksatnamalar, şeýle hem Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen baglylykda, “Sport hukugynyň milli we halkara kadalarynyň sazlaşmagy” atly makala gyzyklanma döredýär. Ozal habar berlişi ýaly, Aziada—2017-niň maksatnamasyna girizilen ýaryşlaryň görnüşleriniň biri konkurdyr. Şunuň bilen baglylykda, aýratyn makala ýurdumyzyň atçylyk sportunyň ösdürilişine hem-de türkmen halkynyň bahasyz gymmatlygy we milli buýsanjy bolan şöhratly ahalteke bedewlerine bagyşlanypdyr.

“Diplomatik durmuşyň resmi habarlary” atly däp bolan bölüm žurnalyň şu sanyny tamamlaýar. Onda 2017-nji ýylyň birinji çärýeginiň halkara häsiýetli wakalary, şeýle hem işgärler bilen bagly we beýleki degişli resminamalar beýan edilýär.

Şeýlelikde, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän žurnalyň nobatdaky sanynyň mazmuny täze taryhy eýýamda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat ýörelgesiniň möhüm ileri tutulýan ugurlaryny, baş maksatlaryny hem-de wezipelerini açyp görkezýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Russiýadaky Şekillendiriş Sungatynyň Tanyşdyryş Sergisi

turkmenhabargullugy

Ýurdumyz Köpçülikleýin Welosipedli Ýörişe Taýýarlanýar

Türkmenistanyň Döwlet Neşirýat Gullugynyň Metbugat Öýünde Gan Tabşyrmak Çäresi Geçirildi