20.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmenistanyň Futbol Boýunça Ýygyndysy Öz Toparynda Ikinji Orny Eýeledi

Türkmenistanyň Futbol Boýunça Ýygyndysy Öz Toparynda Ikinji Orny Eýeledi

Ýurdumyzyň milli ýygyndy topary Aziýanyň Kubogy ugrundaky saýlama oýunlarynyň final böleginiň üçünji tapgyrynda Singapuryň topary bilen duşuşyp, oýny deňme-deň tamamlady. Munuň özi türkmen futbolçylaryna “E” toparda ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi, bu toparda 2019-njy ýylyň tomsunda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek iri ýaryşlara gatnaşmak üçin iki ýollanma ugrunda bäsleşilýär.

Duşuşyk Singapuryň “Besar Stadiun” stadionynda geçirilip, çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Hasap oýnuň ikinji ýarymynda açyldy, biziň bäsdeşimiz Şakir Hamzah duşuşygyň 62-nji minutynda tapawutlanmagy başardy.

Galan ýarym sagadyň dowamynda türkmen futbolçylary hasaby deňlediler. Hüjümçi Altymyrat Annadurdyýew oýnuň tamamlanmagyna 10 minut galanda, dürs urgy bilen pökgini derwezä geçirdi. Oýun 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy.

Bu tapgyryň oýunlarynyň netijeleri biziň toparymyza birinji aýlawdan soň 4 utuk bilen ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Bu görkeziji, ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň galan üç duşuşygyň ikisini öz meýdançalarynda geçirjekdikleri hasaba alnanda, Aziýa kubogyna gatnaşmak üçin oňat mümkinçilikleri berýär. Bahreýniň ýygyndy topary Hytaý Taýpeýiniň futbolçylaryny 5:0 hasabynda utup, 7 utuk bilen toparda öňdeligi eýeleýär. Taýpeýiň topary birinji aýlawdan soň 3 utuk toplady. Singapuryň futbolçylary 2 utuk bilen toparda soňky orny eýeleýär.

Türkmenistanyň ýygyndy topary indiki duşuşygy 2017-nji ýylyň oktýabrynda toparda iň yzda barýan Singapuryň futbolçylary bilen Aşgabatda geçirer.

Degişli makalalar

Nebit Gymmatlaýar

Türkmenistanyň Ýaragsyzlanmak we Howpsuzlyk Meseleleri Boýunça Syýasaty

Birža Täzelikleri