19.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Gatnaşjak Metbugat Işgärlerini Akkreditasiýa Üçin Hasaba Almak Hereketi Başlandy

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Gatnaşjak Metbugat Işgärlerini Akkreditasiýa Üçin Hasaba Almak Hereketi Başlandy

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin akkreditasiýa hereketi 30-nji maýda başlaýar. Ilkinji gezek 2005-nji ýylda “Ýapyk binalarda Aziýa oýunlary” at bilen geçirilen bu möhüm wakalaryň biri Türkmenistanyň paýtagty bolan Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda dowam eder. Bu halkara ýaryşa Aziýa yklymynyň we taryhda ilkinji gezek Okeaniýa ýurtlarynyň iň ussat türgenleri gatnaşar.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti gatnaşmaga isleg bildirýän metbugat işgärleriniň öz sebitinde hereket edýän we Oýunlara gatnaşýan Milli Olimpiýa komitetine (MOK) akkreditasiýa şahadatnamasyny almak üçin ýüztutmasyny tabşyryp biljekdigini yglan edýär. Beýleki sebitlerden gelýän metbugat işgärleri öz ýüztutmalaryny şu aşakdaky elektron salgy boýunça iberip bilerler: media.accreditation@ashgabat2017.com

Aşakda görkezilen akkreditasiýa şahadatnamasyny almak üçin zerur bolan maglumaty, şol sanda ýüztutmanyň nusgasyny media.accreditation@ashgabat2017.com elektron poçtasynyň salgysy boýunça ýüz tutup, alyp bilersiňiz.

i. Metbugat işgärleri üçin akkreditasiýa şahadatnamasyny almak hereketi boýunça gollanma;

i. Akkreditasiýa şahadatnamasyny almak üçin ýüztutmanyň nusgasy;

i. “Ýüz tutujynyň dykgatyna!” resminamasy.

Ýerine ýetiriji komitet 2017-nji ýylyň 15-nji iýulyndan soň ýüz tutan şahslara işjeňleşdirilmedik şahadatnamasynyň beriljekdigine güwä geçmeýär.

Akkreditasiýa şahadatnamasyny almak hereketiniň dowamynda sorag ýüze çykan ýagdaýynda, siz media.accreditation@ashgabat2017.com elektron salgysy arkaly Ýerine ýetiriji komitetiň Metbugat bölümine ýüz tutup bilersiňiz.

Aşgabat 2017 üçin akkreditasiýa şahadatnamasy eýesiniň şahsyýetini anyklamak üçin ulanylýar we hasaba alnan eýesi üçin 2017-nji ýylyň 18-nji awgust – 12-nji oktýabr aralygynda Türkmenistana girmek üçin wiza hökmünde hereket edýär.

Çeşme: ashgabat2017.gov.tm

Degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň mejlisi

syrach

Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmegi we Türkmenistandan gitmegi.

syrach

Dubaýda Türkmenistanyň Nebitgaz Göçme Forumy Başlady

turkmenhabargullugy