33 C
Aşkabat
12.05.2021
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Weloýörişler Geçirildi

Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Wena şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň dabaralarynyň çarçuwasynda bu şanly senä bagyşlanyp weloýörişler geçirildi.

Bu çärä ÝHHG-nyň Baş sekretary, ÝHHG agza döwletleriň ilçileri, 25-den gowrak ýurduň diplomatlary, Wena şäherinde ýerleşýän halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Weloýöriş başlamazdan öň çärä gatnaşyjylara golaýda tutuş dünýä derejesinde giňden bellenilip geçilen Bütindünýä welosiped gününiň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen döredilendigi barada habar berildi. Türkmenistanyň welosiped sportyna uly ähmiýet berýändigi, her ýyl köpçülikleýin welosipedli ýörişiň bolsa ýurdumyzda indi asylly däbe öwrülendigi bellenilip geçildi.

Türkmen talyplarynyň we raýatlarynyň gatnaşmagynda welosipedli ýörişler şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Ilçihanasy tarapyndan London şäherinde we Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasy tarapyndan Brýussel şäherinde hem geçirildi.

Çeşme: neutrality.gov.tm

Degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksine Üýtgetme Girizmek Hakynda

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Ýurdumyzyň çempionatynyň ýedinji tapgyry badalga aldy.

syrach